HALKARA ULAG GEÇELGELERI – DOSTLUK KÖPRILERI
20-03-22
Ulag ulgamynyň kuwwatyny has-da ösdürmek babatda öňe sürülýän halkara başlangyçlar dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldaw tapyp, bu başlangyçlar üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Türkmenistan bu ulgamda ägirt uly kuwwata eýe bolmak bilen, iri halkara we sebit taslamalarynyň birnäçesini ýerine ýetirýär. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň 18-19-njy martynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň demir ýol ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň iki günlük duşuşygy geçirildi.
Ulag ulgamynyň halkara hyzmatdaşlygyny has-da ýygjamlaşdyrmaga, sebitde durnukly ulag geçelgelerini döredilmegine bagyşlanyp geçirilen halkara duşuşygynda çykyş edenler halkara ölçeglerine laýyk gelýän hem-de maglumat gatnaşyklarynyň ýokary hilini üpjün eldýän milli telekommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmeginiň Türkmen döwletiniň Merkezi Aziýa sebitinde möhüm merkez, Gündogaryň we Günbataryň, Demirgazygyň we Günortanyň arasynda wajyp maglumat-kommunikasiýa köprüsi hökmünde ykrar edilmegine ýardam edýändigi belläp geçdiler. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçen duşuşygyň barşynda “Aziýa-Ýuwaş Umman ýurtlary – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa” halkara multimodal ugry boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Munuň özi hem Beýik Ýüpek ýolunyň eýeleýän taryhy ornuny täzeden dikeltmegiň BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerinde Ýewropa bilen Aziýanyň halklarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda örän uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi Ýewraziýanyň möhüm ulag-üstaşyr halkasy hökmünde onuň barha artýan derejesini kesgitleýär.
Degişli ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda üstünlikli geçirilen dördünji duşuşygyna gatnaşyjylar halkara multimodal ugry boýunça ýükleriň päsgelçiliksiz daşalmagyny üpjün etmek, goşmaça ýükleri çekmek üçin amatly şertleri döretmek hem-de uly göwrümli konteýnerler üçin platformalarynyň özbaşdak berilmegi we tariff ölçegleriň kesgitlenilmegi ýaly meseleleri maslahatlaşdylar.
Bir söz bilen aýtsak, Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, raýdaşlyk hem-de ynanyşmak ýaly häsiýetler bilen dünýä halklarynyň ýüregine tarap ýol çekýän ata watanymyzyň alyp barýan oňyn syýasaty sebitde durnukly ulag geçelgelerini döretmegi öňe sürýändir.
Ýazmyrat ALLANAZAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.