SANLY BILIM ÖZGERTMELERI – DÖWRÜŇ BEÝIK ÖSÜŞLERI
03-10-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmekde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim jemgyýetiň berk binýady, ösüşleriň esasy ugry hasaplanýar. Ýurdumyzda bilim ulgamy ösdürilip, onuň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamy hem ösüşleriň täze sepgitlerine eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ulgamy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşup, şu babatda möhüm ähmiýetli maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine täze badalga berdi. Gahryman Arkadagymyz: “Bilim bermegiň ýokary standartlaryny ornaşdyrmak, düýpli we amaly ylmy barlaglary goldamak we höweslendirmek, ähli bilim we ylym edaralaryny kompýuterleşdirmek, Interneti ösdürmek, ylym we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bu ugurdaky döwlet syýasatynyň esasydyr” diýip belleýär. Mälim bolşy ýaly, häzirki bagtyýarlyk döwrümizde institutymyzda bilim bermegiň iň täze usullary durmuşa ornaşdyrylýar. Bilim edaralary ösen kompýuterler, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Innowasion tehnologiýalar arkaly bilim bermegiň ugurlary işlenip, häzirki wagtda institutymyzda üstünlikli amala aşyrylýar. Bu babatda lingafon otaglarda dil öwretmek ýada prezentasiýalar arkaly sapaklary guramak ýaly işleri görkezmek bolar. Munuň özi innowasion tehnologiýalardan işjeň peýdalanylýandygyny aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ösen ýurtlaryň tejribesini öwrenmek we olary okuw-usulyýet işlerine netijeli ornaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda bilim edaralarynyň arasynda bitewi ulgamy tapgyrlaýyn döretmek, şeýle hem umumy bilim berýän edaralarda elektron hasabatlylygy we beýlekileri ulanmak göz öňünde tutulýar. Ähli bilim edaralarynda okuw-usulyýet maglumatlary, mugallymlaryň sapaklarynyň ýazgylary elektron görnüşde elýeterli edilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ulgamlaýyn programma üpjünçiliginiň binýadynda sanly bilim portallary döredilýär, olarda talyplaryň özbaşdak taýýarlanmaklary, audio-wideo maglumatlary, interaktiw-multimedia programmalary, tanyşdyrmalar, mugallymlaryň sapak ýazgylary, ylmy-tehniki maslahatlaryň çap edilen görnüşleri we beýlekiler ýerleşdirilýär. Sanly tehnologiýalary peýdalanmak bilen uzak aralykdan döwletimiziň, şonuň bilen birlikde institutymyzda bu ugurda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň we professor-mugallymlarynyň arasynda onlaýn arkaly wideo şekilli sapaklar, maslahatlar we bäsleşikler guralýar.
Dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary okuw mekdepleri gurulýar, olar döwrebap interaktiw tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylýar, dünýäniň belli bilim we ylym merkezleri bilen okuw taslamalary amala aşyrylýar, ylmyusuly maslahatlar geçirilýär. Halkara ülňülerine laýyk gelýän ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, senagatlaşma eýýamyna kybap gelýän hünär derejeli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda döwletimiz tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Döwrüň talaby bilen aýakdaş gitmek üçin institutymyzda döwrebap işler ýola goýuldy. Institutymyzda “tituki.edu.tm” resmi saýtynyň we içki sanly ulgamyň döredilmeginiň uly ähmiýeti bar. Bu saýt özünde institutyň taryhy, gurluşy, gündelik durmuşynda bolup geçýän täzelikler we habarlar, daşary ýurtlaryň abraýly ýokary hünär okuw mekdepleri bilen saklaýan gatnaşyklary barada maglumatlary jemleýär.
Ählumumy Internet torunyň üsti bilen dünýäniň islendik künjünden maglumat almaga we habarlaşmaga mümkinçilik bar. Institutyň içki torunyň sanawyna elektron maglumatlar, elektron kitaphana, elektron resminama dolanyşygy, mugallym we talyp ulgamy girýär. Bularyň ählisi institutda zähmet çekýän her bir hünärmeniň, professor-mugallymyň işinde, okaýan talybyň okuwynda we okuwdan daşary gyzyklanmalarynda uly ýeňillikleri döredýär. Bu ulgamlaryň hersine mahsus aýratynlyklary bar. Mysal üçin, elektron kitaphana ulgamy mugallymlaryň we talyplaryň elektron kitaplardan we gollanmalardan ýerinde okamaga ýada electron enjamlara ýükläp almaga mümkinçilik berýär. Bu kitaphananyň gory örän baý. Onda Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplarynyň we ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallaryň elektron görnüşleri saklanýar. Elektron resminama dolanyşygy ulgamy institutyň ähli bölümlerini gysga wagtyň içinde gerek bolan resminamalar bilen üpjün etmäge şert döredýär. Institutyň içki torunyň professor-mugallymlar üçin berýän mümkinçilikleri uly. Munda her bir mugallym öz şahsy sahypasynda okuw işiniň dowamynda ulanjak okuw iş maksatnamalarynyň, sapak ýazgylarynyň, kitaplarynyň, gollanmalarynyň we sözlükleriň elektron görnüşlerini ulanýar. Institutymyzyň islendik binasynda we okuw otagynda elektron enjamlaryň dürli görnüşlerinden peýdalanylýar. Bu ýerde maglumat goraglylygy hem göz öňünde tutulandyr. Institutyň talyp ulgamy bolsa gönüden-göni okuw sapaklarynyň dowamynda talyplaryň sapaklara ýetişigini we gatnaşygyny hasaba almaga, olaryň aralyk jemlemeleriniň, özbaşdak işleriniň we synaglarynyň netijelerini jemlemäge mümkinçilik berýär.
Biz talyp ýaşlar üçin ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekde şeýle mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahrymqn Serdarymyza buýsanjymyzy beýan edýäris. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun, ähli işleri rowaçlyklara beslensin!
Timur ÝAZOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynuň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary
Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.