ASYLLY MAKSATLAR ROWAÇLANÝAR
03-10-23
Ýurdumyzy sanly bilim ulgamyna geçirmek boýunça ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda degişli guramaçylyk, tehniki we amaly işler yzygider amala aşyrylýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek bu ugurda tehnologiki täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň bu ýörelgäni alyp barýandygyna we ösdürýändigine durmuş hakykatynda göz ýetirýäris. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Ýüreklerimizde we aňymyzda ahlak, ruhy kämilligiň ýokary derejesi hökmünde hemişelik orun alan ýörelgelerimizi döwlet syýasatymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň taglymat esasy — milli döwletliligimiziň mizemez ýoly hökmünde has-da kämilleşdirýäris». Hormatly Prezidentimiziň çuňňur manyly bu sözleri halkymyzyň asudalygy, Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin her bir adamyny agzybirlikde zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baş-da durmagynda maşgala, jemgyýet agzybirligi has-da jebisleşip, berk binýatly Watan bitewiligi kemala gelip, gün-günden ösýär we ýurdumyzyň halkara derejesin-de abraýy artýar.
Biziň Inźener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzyň agzybir mugallymlary talyplar bilen birlikde täze eýýamyň her bir gününe öz goşantlaryny goşýarlar.Arkadagly Serdarymyzyň parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklaryna we edara-kärhanalaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, innowasion ösüşi çaltlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ösüşiň iň döwrebap ugry hökmünde sanly ulgama düşünilýär. Sanly ulgam ösüşiň giň mümkinçiliklerine eýe bolup, bu ugurda biziň institutymyzda hem uly işler alnyp barylýar. Esasan hem kämil hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ösüşiň tizligi üpjün edilip, ähli işler döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Sanly ulgam uzak aralykdan sapaklary guramaga, maslahatlary geçirmäge, resminamalary elektron görnüşde dolandyrmaga mümkinçilik berýär.
Ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagynyň hem-de Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynyň, dünýäniň bilim-ylym ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de, olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň hem-de netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Mälim bolşy ýaly, internet hyzmatlarynyň dürli görnüşleri raýatlarymyzy goşmaça, üznüksiz bilim almaga, belli bir aralykdan bilim almak arkaly hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga höweslendirer. Sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagyna hem-de jemgyýetiň we ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ykdysadyýete we beýleki ugurlara innowasion serişdeleri çekmäge mümkinçilik berer, bu bolsa öz gezeginde ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşini täze derejelere çykarar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlar boýunça uly ösüşler gazanylýar. Şeýle beýik ösüşleriň gözbaşynda Arkadagly Serdarymyzyň belent maksatly işleriniň bardygyny bellemek gerek. Agzybir halkymyz şeýle belent maksatlara buýsanyp, döredijilikli zähmet çekýär. Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Arslan ASTANOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary
Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.