HÜNÄRLI ÝAŞLAR BUÝSANJYMYZ

03-10-23

Ýurdumyzyň ulag kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, onuň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak  maksatly inžener hünärmenleri taýýarlamak Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň esasy wezipesi bolup durýar. Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda bilim ulgamy sanly esasda ösdürilýär we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary netijeli ornaşdyrylýar.

Institutda okadylýan ähli dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar yzygiderli işlenilip taýýarlanylýar. Bu serişdeler okuw sapaklarynda professor-mugallymlar we talyp ýaşlar tarapyndan giňden peýdalanylýar. Institutda ýokary derejeli, hünärine ussat kämil ýaşlaryň kemala gelmeginde sanly bilim ulgamyny we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny netijeli peýdalanmak maksatlaýyn netijelere alyp barýar. Bu möhüm wezipäni berjaý etmek bilen, ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary häzirki zaman ulag ulgamynda we halk hojalygynyň dürli ugurlarynda işlejek ýokary bilimli hünärmenleridir inžener-tehniki işgärleri taýýarlamakda hem ykdysadyýetimizi ösdürmekde, ulag pudagynyň ähmiýetini barha artdyrmakda yhlasly zähmet çekýärler.

Ýurdumyzyň innowasiýa ösüşine laýyklykda, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek maksady bilen, kabul edilen “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, institutymyzda sanly bilim portaly döredildi.

Onuň okuw-maglumat üpjünçiligi (kitaplar, umumy okuwlar toplumynyň beýanlary, amaly we tejribe işleriň ýumuşlary) yzygiderli täzelenýär. Institutda ähli okadylýan dersler boýunça sanly maglumatlar taýýarlanyldy we elýeterliligi üpjün edildi. Institutyň  içerki kompýuter tor enjamlary bolsa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi bilen ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky toruna birikdirildi.

Institutymyzda birnäçe kafedralarda dürli ugurlar boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Sanly ykdysadyýet dersi institutda taýýarlanylýan ähli hünärlerde okadylýar. Okadylýan dersler boýunça tejribe sapaklary maksatnama laýyklykda, fakultetlerdäki ýöriteleşdirilen kompýuter okuw otaglarynda tejribelilik ýumuşlaryny ýerine ýetirmek bilen özleşdirilýär. Sanly ykdysadyýet dersinde talyplaryň gündelik we döwürleýin ýerine ýetirmeli özbaşdak ýumuşlarynyň sanawy işlenip taýýarlanyldy. Innowasiýalar ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna giňden ornaşdyrylýar, uzak aralykdan okuwlar guralýar, süýümli-optiki aragatnaşyk ulgamlary ösdürilýär we Internetiň giň elýeterliligi üpjün edilýär.

Her bir nesil ýurduň ygtybarly kuwwaty, ertirine umydy hasaplanýar. Ata Watanymyzyň bagtly ýaşlarynyň okamagy, bilimli, hünärli bolmagy üçin Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda ähli şertler döredilýär, ylma-bilime ýagty ýollar açylýar. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly, bilimli, medeniýetli, giň dünýägaraýyşly, halal zähmet çekmäge taýýar sagdyn we ruhubelent bolmagy barada tutumly işler institutymyzda hem durmuşa geçirilýär. Çuňňur bilimli, giň gözýetimli, dünýä ykdysadyýetiniň, ulag kommunikasiýa ugurlarynyň ýeten sepgitlerinden habarly we olardan oňat baş çykarýan ökde hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär.

Döwlet IMAMKULOW,
 Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.


BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.


Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.

Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.


TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi

«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.


169c969169252b.jpeg
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary

Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.