Ylym-bilim — täze üstünliklere badalga
09-01-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ählumumy ösüşlere we ylym ulgamynyň gurluşyna, ýurdumyzyň ylymda-bilimde gazanýan ösüşlerine, täze innowasiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak üçin alnyp barylýan işlere aýratyn ähmiýet berilýär.
Eziz Watanymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, öz saýlan ugurlary boýunça ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, gurlup, ulanylmaga berilýän orta we ýokary okuw mekdepleri ýaş nesilleriň kämil bilimli bolup ýetişmeklerine mümkinçilik berýär.
Bilim we ylym adamzat üçin müdimi zerurlyk bolan gymmatly baýlyk hasaplanýar. Ynsan hem gözlemek, gurmak, döretmek, dünýäni has gözelleşdirmek, kämillige tarap ösmek bilen, uly abraý-mertebe gazanýandyr. Şu maksat bilen dersler sanly bilimi ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidir hem-de sanly tehnologiýalaryň aýratynlyklary we mümkinçilikleri, pudaklaryň ösüşine we durmuş ulgamyna täsiri barada umumy düşünjelerini artdyrmaga ýardam etmelidir.
Biz ýaşlar sözüň doly manysynda sowatly we ýokary terbiýeli nesil bolup ýetişmegini, dünýä ylmynyň, tehnikasynyň we medeniýetiniň gazananlarynyň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşmaklaryny gazanmak maksady bilen, ähli şertleri döredip beren mähriban Prezidentimize buýsanjymyz artýar. Ylma we bilime daýanyp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän däpleriniň we umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda ýaşlara bilim we terbiýe bermek boýunça alnyp barylýan işleri kämilleşdirmelidiris.
Gadymy döwürlerden bäri hem biziň mähriban halkymyz halal bilen haramy tapawutlandyrmagy başarypdyr. Gadagan edilen zatlaryň gowulyga eltmejekdigini, soňra ökünmeli boljakdygyny hem-de köp sanly bela-beteriň üstünden eltjekdigini bilip ündäp gelipdirler. Terbiýeçilik işinde, ilkinji nobatda milli gymmatlyklarymyzdan we bähbitlerimizden ugur almalydyrys.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bilimiň we okatmagyň ýokary ösüş derejesi, ylmy-tehniki gazanylanlaryň ornaşdyrylmagy bilen şertlenen ýurdumyzyň özgertmeler ýoly bilen okgunly öňe barýan zamanasydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyzda iň täze kompýuter tehnologiýalary we multimedia ulgamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap bilim edaralarynyň giň düzümi emele getirildi. Sanly bilimiň ösdürilmegi netijesinde, okuw maksatly dürli maglumat çeşmeleri, uly maglumat gorlary, bilim portallary, internet sahypalary döredildi. Gündelik okuwlarda ulanylýan sanly serişdeler adaty okuwyň päsgelçiliklerini ýeňip geçmäge, bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň depginini, okatmagyň görnüşlerini we usullaryny saýlamaga ýardam berýär.
Ýaşlar üçin ýokary okuw mekdepleriniň internet sahypalarynyň ähmiýeti has-da uludyr. Olar şol sahypalaryň üsti bilen ýokary okuw mekdebini, taýýarlygyň ugurlaryny, hünärleri saýlamaga mümkinçilik alýarlar. Ýokary okuw mekdepleriniň internet bilim portallarynda ýokary okuw mekdebiniň elektron okuw toplumlary, okuw sapaklarynyň tertibi, olimpiadalar, elektron kitaphana we beýleki maglumatlar ýerleşdirilýär.
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan döwlet gurluşy strategiýasynda, milli maksatnamalarda, ykdysadyýeti innowasion taýdan ösdürmäge we sanly ulgama geçirmäge, inženerçilik çözgütlerine daýanmaga uly orun berilýär. Bagtyýar nesilleriň eşretli durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösmegi, oňat okamagy, Watanymyza, halkymyza abraý getirjek ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Hut şonuň üçin hem Watana, halka wepaly, merdana pederlerimiziň mukaddes däplerine eýerýän, ylym-bilime teşne, ruhubelent, zähmetsöýer ýaşlar kemala gelýär. Ýurdumyzda döwrebap orta, orta hünär, ýokary okuw mekdeplerini gurmak, iň täze bilim usullaryny, maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmek, jemgyýetimiziň aň-bilim derejesini hem-de döredijilik işjeňligini ýokarlandyrmak babatda uly tejribeler toplanylýar.
Türkmen halkynyň nurana ertirleriniň eýeleri bolan şu günki nesillerimiziň döwrebap bilimli, Watanymyza wepaly, ata-babalarymyzyň mizemez ruhuna mynasyp gözel ahlakly, edep-terbiýeli bolup ýetişmekleri ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwletli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Ogulşirin MOMMYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.