DÖWLETIMIZIŇ ÝAŞLAR SYÝASATY
05-10-23
Halkymyzyň arzuwdyr isleglerinden ugur alnyp yglan edilen hem-de «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylyň baş maksady ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmekden, ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekden, olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamakdan we höweslendirmekden ybaratdyr.
Islendik ugurda döwlet derejeli işi kämil ýerine ýetirmek, öňde goýlan uly maksada ýetmek üçin berk kanunçylyk-hukuk binýady zerur. Şu jähetden alanymyzda, ýurdumyzda döwrüň ruhuna we talaplaryna laýyklykda, ýaşlar syýasatynyň dürli ulgamlaryny öz içine alýan kanunçylyk ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Çünki häzirki wagtda Watanymyzyň geljegi, onuň gülläp ösmeginiň daýanjy bolan ýaşlara uly üns berilýär. Ýaş nesil baradaky alada eziz Watanymyzyň ertirki güni baradaky aladadyr. Muňa geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda Arkadagly Serdarymyzyň tassyklap bermeginde «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi aýdyň mysal bolsa gerek.
Aýratyn bellemeli zat, ýaşlar syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diňe öz ýurdumyzyň çäginde däl-de, Türkmenistanyň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasatynda hem halkara ýaşlar, bilim hyzmatdaşlyklary görnüşinde barha işjeň ilerledilýär. Bu babatda ýaşlar guramalarynyň ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berlip, ýakynda tassyklanan «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» bellenmäge mynasypdyr. Sebäbi döwletimiziň kanunçylygy we ýurdumyzyň halkara şertnamalary esasynda taýýarlanan bu Strategiýa türkmenistanly ýaşlaryň beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen dürli ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.
Bilim we ylym ulgamy, şol sanda Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ugurdaş edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda iri daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak mümkinçiliklerini öwrenmek Strategiýada esasy ugurlar hökmünde kesgitlenipdir. Şonuň bilen birlikde, ýaşlaryň ylmy diplomatiýa gatnaşmaklaryny goldamak, halkara ylmy forumlary geçirmek, ýaş alymlaryň bilelikdäki işlerini ýola goýmak ýaly çäreler göz öňünde tutulypdyr. Bu Strategiýada medeniýet we syýahatçylyk ugry boýunça, maglumat-kommunikasiýa ulgamynda ýaşlar hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek hem meýilleşdirilendir. Şeýlelikde, ýaş zehinleri ýüze çykarmak we goldamak maksady bilen, maksatnamanyň işlenip taýýarlanylmagy, ýaşlaryň medeni hyzmatdaşlygy, ýaş žurnalistleriň arasynda tejribe alyşmak we beýleki çäreler bu işlere ýardam berer.
Görnüşi ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwlet ýaşlar syýasaty kanunçylyk-hukuk binýady babatda-da, alnyp barylýan anyk işler babatda hem işjeň ilerledilýär. Bu babatda Milli Liderimiz: «Biz ýaşlarymyzy ýurdumyzyň geljegi hasaplaýarys. Biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr. Men türkmen ýaşlarynyň bu belent ynamy ödejekdiklerine berk ynanýaryn» diýmek bilen, ýaşlara uly ynam bildirýär. Bu beýik ynam ýaşlary täze belent maksatlara galkyndyrýar, uly jogapkärçilik we borç duýgularyny döredýär. Şeýle beýik işleriň gözbaşynda duran Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Solmaz GURDOWA,
Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.