KITAP – PAÝHAS UMMANY

05-11-25

Kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň taryhy paýhaslaryny, tejribelerini, häzirki döwürde gazanylan üstünlikleri we olara eltýän ýollary öz gursaklarynda saklap, okyjylara dogry ýola gönükdiriji sapak berýärler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitaby şu sözler bilen başlaýar: «Kitap dünýäni açýar. Aslynda, dünyä kitaba öwrülmek ücin ýaşaýar. Kitaplar asyrlaryň taryhyny, durmuşyny, ruhuny özüne siňdirýändigi bilen şöhratlanýar. Çünki kitap döwrüň waspçysy, paýhas ummany». Kitaplar geçmiş bilen geljegiň arasyndaky baglanyşygy saklap duran bahasyz miras hasaplanylýar. Her okalan kitap bizi bir basgançak ýokary galdyrýar. Kitap - paýhasly sözden bina edilen köşk. Bu köşgi gyşyň ýeli hem, ýazyň ýagşy hem bozup bilmez. Bu köşge seýran etmek ömre many çaýjak parasatlaryň we pursatlaryň arasynda gezim etmekdir.

Kitabyň ähmiýeti, peýdasy gadymyýetden bäri mälim. Çagalykdan aňymyza siňen ertekidir rowaýatlarda, nakyldyr matallarda kitabyň edil çörek ýaly mukaddes  zatdygy öňe sürülýär. Taryhyň dürli döwürlerinde türkmeniň taryhy we medeniýeti barada köpsanly eserler ýazylyp, miras galdyrylypdyr. Elbetde, kitap ýazmaklygyň möhüm bolşy ýaly, kitaby halk köpçüligine ýetirmek hem möhüm bolupdyr. Kitap adamy terbiýeleýän, öňa dogry ýoly görkezýän ýakyn dosty, wepaly syrdaşy, özünde giden bir umman ýaly teselli beriji jümleleri jemläp saklaýan, ýörejek ýoluňy salgy berýän akyl hazynasydyr. Şol hazyna okyjynyň kalbynda diňe ýagşy zatlara bolan garaýşy oýarýar, ruhubelentlik döredýär. Adam näçe köp kitap okasa, onuň düşünjesi, dünýägaraýşy giňeýär. Onda adam ahlagyny terbiýeleýji, dünýägaraýşyny, gözýetimini giňeldiji, zehinini ýiteldiji güýç bar. Adam durmuşda elmydama täze zatlary öwrenmäge, bilmäge ymtylýar, täzelenişleriň, üýtgeşikligiň höwesinde ýaşaýar. Şonda kitap onuň okamaga, bilmäge, öwrenmäge teşne kalbyny gandyrýar.

Adam kitap okaýarka özüni düýbünden başgaça duýýar. Sebäbi ol bahasyz hazyna aralaşandygyny, öz içki dünýäsiniň hem baýlaşýandygyny aňlaýar. Uly höwes bilen okalýan kitaplar adama şeýle ajaýyp duýgulary bagyşlaýar. Adam öz beýnisiniň hyýal güýjüni ulanmak arkaly şol dünýä girip gidýär. Şeýlelikde, kitap bilen adamyň arasynda jebis dostluk döreýär. Alymlar kitap okamagyň garrylygyň öňüni alýandygyny, köp okaýan adamyň beýnisiniň işjeň ýagdaýda bolýandygyny, estetik pikirlenmäge itergi berýändigini nygtaýarlar. Kitap okaýan adamyň söz baýlygy giň bolýar, akyly ösýär, zehini joşýar, pikiri durlanýar. Bu barada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip belleýär. Halkymyzda kitaba, söz sungatyna uly sarpa goýulýar. Okalýan kitaplar bize durmuşyň kyn pursatlarynda baş alyp çykmagy, ömür ýoluňda pähim-paýhasa eýerip, diňe dogry ýoldan ýöremegi öwredýär. Şeýle kitaplar adamlaryň iň ýakyn we wepaly dostuna, ýankitabyna öwrülýär.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly birinji kitabynda şeýle maglumat berýär: «Birwagtlar Türkmenistanyň çäginde göçme kitaphanalar bilen birlikde Nusaý patyşalygynda, Köneürgençde, Amulda, Dehistanda, seýle hem Gadymy Merwde iri kitaphanalar hem bolupdyr. Kitap ýükli kerweni bolan kerwenbaşy hatyrjemligi elden bermändir. Çünki kitabyň bahasy altyn-kümüşden-de has ýokarda bolupdyr.» Gahryman Arkadagymyz kitabyň türkmen halky üçin gymmatyny beýan edip, «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynda bolsa şeýle setirleri beýan edýär: «Biziň halkymyza ylma yhlaslylyk we kitaplara bolan söýgi mydama-da mahsus bolupdyr. Halk nesilden-nesle geçip gelýän kitaplary gözüniň göreji ýaly gorap saklapdyr. Biziň ata-babalarymyz hatda iň bir çykgynsyz ýagdaýlarda hem kitaplary iň bir gymmatly zat hökmünde duşmanlardan gizläpdirler.»

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy boýunça neşir edilýän kitaplaryň her biri türkmeniň ruhy dünýasini özünde jemleýär. Kitaplaryň many-mazmuny, çeper pelsepewi pikirleri türkmen halkynda uly gyzyklanma döredýär. Şonuň üçin hem bu kitaplar amala aşyryljak ylmy açyşlaryň gözbaşydyr. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly kitaplary taryhymyza göz ýetirmegiň, düşünmegiň açarydyr, milli medeniýetmiziň, ylym-bilimiň baý hazynasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly belleýşi ýaly: «Kitap hemişe adamzadyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän baýlyk, durmuşyň aýnasy, taryhyň beýany, geljege ýolgörkeziji hasaplanypdyr».

Gahryman Arkadagymyz: «Köp okamak ömrüň manysyny artdyrýan endikdir. Baý maglumatlara eýe bolan adamyň dünýägaraýşy giňdir» diýip aýratyn nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryndan durmuşyň ähli ugurlaryna degişli bolan ýeterlik maglumatlary almak bolýar. Eziz Diýarymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynyň, milli kitaphanalaryň işiniň kämilleşdirilmegi babatda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Aýşa ALAMOWA,
Lebap welaýat kitaphanasynyň I derejeli redaktory.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.