Ýaşlar — aýdyň ertirlerimiziň eýeleri
07-10-23
Geljegimiziň abadançylygy häzirki ýaşlarymyza baglydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemäge hem-de dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Ýakynda, has takygy 2-nji oktýabrda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy hem bu ugurda uly ähmiýete eýe boldy.
Häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn gepleşikleri ösdürmekde giň gözýetimli, uly durmuş mümkinçilikli we dünýägaraýyşly, düýpgöter täzeçe ýörelgeleri öňe sürmäge ukyply ýaşlara aýratyn orun berilýär. Munuň şeýledigini 2-nji oktýabrda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýaşlaryň dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda artýan ornuna bagyşlanyp geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy aýdyňlygy bilen görkezýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar forumyň öňüsyrasynda Halkara atçylyk akademiýasynyň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan halkymyzyň baý medeni mirasyny we onuň köpugurlylygyny şöhlelendirýän amaly-haşam sungatynyň sergisi bilen tanyşdylar. Bu forum BMG-niň «Ýaşlar — 2030» strategiýasynyň maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelmek bilen, ol dürli medeniýetlere, sebitlere, garaýyşlara wekilçilik edýän ýaşlaryň arasynda netijeli dialogy ösdürmäge, parahatçylygy berkitmek, diplomatik ýollar arkaly dawalaryň öňüni almak we çözmek işinde ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirildi.
Forumyň işi «Parahatçylygyň hatyrasyna ýaşlaryň başlangyçlary: parahatçylygy we durmuş jebisligini üpjün edýän üstünlikli taslamalar we başlangyçlar»; «Howanyň üýtgemegi: ekologiýa durnuklylygy bilen parahatçylygy döretmegiň arasyndaky baglanyşyk»; «Sanly diplomatiýa we parahatçylygy ýola goýmak: parahatçylygy döretmek boýunça oňyn tagallalary üçin tehnologiýalary we durmuş torlaryny peýdalanmak»; «Medeniýet we sungat arkaly parahatçylygy ilerletmek: Merkezi Aziýada ýaşlaryň seslerini bir ýere jemlemek» atly dört bölümiň çäginde dowam etdi.
Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ynsanperwer başlangyjy dünýä halklarynyň arasynda parahatçylyk we birek-birege ynanyşmak ýörelgelerini berkitmekde, oňyn garaýyşlary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça netijeli çözgütleri kabul etmekde giň gözýetimli, täzeçil pikirleri öňe sürmäge ukyply ýaşlara uly orun berilýär. Şonuň üçinem ýurdumyzda halkara guramalar, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde bilim we ýaşlar babatda taslamalar işjeň durmuşa geçirilýär.
Şu gezekki halkara ýaşlar forumynyň çäklerinde Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýaşlar syýasaty boýunça edaralarynyň jogapkär wekilleriniň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň Ähtnamasyna gol çekilmegi sebitiň ýurtlarynyň uzak geljegi nazarlaýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň binýadyny berkitmekde möhümdir.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu günki ýaşlar bagtyýar döwürde ýaşaýarlar. Ýaşlaryň sagdyn ösüp, bilim almagy üçin döwletimiz ähli mümkinçilikleri döredýär. Bu günki gün türkmen ýaşlary şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, okamak, öwrenmek, yhlasly zähmet çekmek bilen, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny belende götermäge mynasyp goşant goşmaga çalyşýarlar.
Resul ANNAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Halypa mugallymy: Rahym RAHMANBERDIÝEW.
Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň gymmatlyklardyr
Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda durmuş goraglylygyny üpjün etmek, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bu ugurlaryň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine uly ähmiýet berilýär.
GDA giňişliginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy
Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda möhüm halkara çäresi – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň çäginde guralan bu mejlis arkalaşyk we doganlyk ruhy bilen ynsanperwer gatnaşyklary ilerletmegiň, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ugrunda täze mümkinçilikleri döretdi.
Halkara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugurlary
Garaşsyz, Hemişelik bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň konstitusion kanunlary, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, şeýle hem Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalary we konwensiýalary esasynda amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimizde ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmasy
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adam hakda alada ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň baş ugrudyr. Munuň özi ähli ulgamlarda, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine gönükdirilip amala aşyrylýan beýik işlerde, döwletli tutumlarda, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen berk eýerilýän we jemgyýetimiziň agzybirligini has-da pugtalandyrýan ynsanperwer ýörelgelerde aýdyň ýüze çykýar.
ARASSAÇYLYK – SAGDYNLYGYŇ SAKASY
Biziň jan-saglygymyz iýýän zatlarymyza we olaryň hiline baglydyr. Eziz Diýarymyzyň ajaýyp tebigaty, baý ösümlik dünýäsi bar. Tebigatyň goralmagy, arassalygy we gözelligi barada biziň ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda alada edip gelipdirler. Muňa pederlerimiziň ýer-toprak hakynda aýdan atalar sözleri-de, tebigaty baýlaşdyrmak, gözelleşdirmek barada geçiren çäreleri-de aýdyň mysal bolup biler.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.