Ýaşlar döwrümiziň buýsanjy
09-10-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim, ulgamy sanly tehnologiýalaryň eçilen mümkinçilikleri hem ösüşleri bilen galkynýar. Nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaş nesillerimize berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak arkaly ony dünýä tejribesine, milli ýörelgelere daýanyp kämilleşdirmek döwletimiziň alyp barýan möhüm çäreleridir. Ýaşlar ýurdumyzyň ertirini gurujylardyr. Ýaşlaryň golunda Watan baýdagy, ýüreginde Watan söýgüsi, dilinde Watan aýdymy, Watan we ýaşlar bir-biri bilen sazlaşykly, özboluşly gymmatlykdyr. Ýaşlar biziň geljegimizdir, Watanymyzyň ertirki abraý-mertebesidir. Ýylymyzyň buýsançly şygary ýürekleri hyjuwly, gollary gujurly türkmen ýaşlaryna bolan ynamy, olaryň öňündäki mukaddes borjy, belent jogapkärçiligi özünde jemleýär. Sebäbi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň kalby eziz Diýarymyza, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döredijilikli başlangyçlaryna bolan buýsançdan püre-pürdür.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde Türkmenistan ösüşiň aýdyň ýolundan bedew bady bilen öňe barýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, milli ýol-ýörelgelerimiz esasynda terbiýelenmegi üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim edaralarynyň, ylmy merkezleriniň, okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny täze döwrüň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Garaşsyz hem Bitarap Diýarymyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» giň gerimde durmuşa geçirilip, olardan gelip çykýan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Sanly ulgamyň gazananlaryny, kämil tehnologiýalary ezberlik bilen peýdalanmakda daşary ýurt dillerini öwrenmekligiň zerurlygy örboýuna galýar. Bu ugurda orta, ýokary okuw mekdeplerinde ýaş nesle dünýä dilleriniň ençemesi öwredilýär, dil öwreniş merkezleri hereket edýär. Dünýä dillerini öwretmek babatda alnyp barylýan döwlet syýasatymyz ýaşlaryň dünýä derejesinde köptaraplaýyn bilim almaklaryna gönükdirilendir. Türkmenistanda bilim ulgamyny hil taýdan kämilleşdirmek, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan sagdyn pikirli, giň gözýetimli ýaş nesli terbiýelemek Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýaş nesle kämil bilim, terbiýe bermekde okatmagyň yzygiderli hem-de ösen ulgamyny döretmek, şol sanda belli bir aralykdan bilim bermek ulgamy göz öňünde tutulýar. Mähriban Watanymyz Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty özüniň oňyn netijelerini berýär.
Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, bagtyýar durmuşynyň hem-de beýik geljeginiň, sazlaşykly ösüş-özgertmeleriniň bähbidine ylymly, bilimli hünär taýdan taýýarlykly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatda döwlet tarapyndan uly aladalar edilýär.Soňky ýyllarda ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny sanlylaşdyrmak, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe boldy. Munuň özi diňe döwrüň talaby bolman, eýsem, ata Watanymyzy ösdürmäge, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmaga gönükdirilen belent maksatlara tarap okgunly gadamlardyr. Ýokary hünärli, giň dünýägaraýyşly, uly ylmy mümkinçiligi bolan ýaşlary ýetişdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler bu asylly maksatlara ýetmäge oňyn şertleri döredýär. Tehnika we innowasion tehnologiýalar ylmyň ösüşi bilen aýrylmaz bagly bolup, bu düşünjeler islendik ösüşiň döwletiň öňegidişlikleriniň binýadyny düzýär. Şonuň üçin ýurdumyzda ylma we bilime berilýän üns, ýaş alymlara, ylmy açyşlara ymtylýan zehinli talyplara berilýän ählitaraplaýyn goldaw barha artýar.
Türkmen ýaşlarynyň şeýle kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimize ýaşlaryň alkyşlary egsilmezdir! Türkmen ýaşlarynyň ählitaraplaýyn ukyp-başarnyklaryny ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!
Merdan BEKMURADOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.