Ynsan saglygy – döwletiň iň ýokary gymmatlygy
25-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň her bir raýatynyň okamagy, öwrenmegi, alan hünäriniň eýesi bolmagy, zähmet çekmegi hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilen. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryny ýörelge edinýän halkymyz abadan, parahat durmuşymyzyň hatyrasyna alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmaga çalyşýar. Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek maksady berkarar döwletimizde alnyp barylýan ähli işleriň özenini düzýär. Esasy Kanunymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilýän adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýan işler keselleriň öňüni almak we bejermek bilen birlikde, ilatyň durmuş goraglylygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy ýaly möhüm wezipeleri esas edinýär.
Merdana halkymyza gadymy döwürlerden bäri sagdynlyk hem-de ruhubelentlik durmuş ýörelgesi bolup gelýär. «Saglygym — baş baýlygym», «Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok», «Bar zadyň sakasy saglyk», «Sag başym — soltan başym» diýen paýhasly sözleriň döremegi munuň şeýledigini subut edýär. Türkmen milli oýunlaryny alanymyzda hem, olaryň çeýeligi, gujur-gaýratlylygy, ruhy we beden taýdan berkligi talap edendigine şaýat bolýarsyň.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda sport we olimpiýa hereketini höweslendirmek we ösdürmek, oňa ýaşlary işjeň çekmek, türkmenistanlylarda çagalyk ýyllaryndan başlap bedenterbiýe bilen meşgullanmaga höwesi artdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, zähmetsöýerligiň we döredijiligiň esasynda duran gymmatlyklary berkarar etmek ugrunda guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär.
Berkarar döwletimizde her ýyl yzygiderli görnüşde dürli ýaşdaky watandaşlarymyzyň müňlerçesini jemleýän köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy, awtoulagsyz günüň yglan edilmegi türkmen jemgyýetinde indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp, welosipediň ähmiýetini görkezmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny we ekologik abadançylygyny wagyz etmek bilen baglanyşykly çäreleri öz içine alýan, welosiped sürmek boýunça köp sanly ildeşlerimiziň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. 2019-njy ýylda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda «Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş» geçirildi. Şol iki çäre hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.Bütindünýä welosiped gününi ebedileşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine görk berýän «Welosiped» binasynyň açylmagy Garaşsyz ýurdumyzda ulagyň ýokary ekologiýa görnüşi hasaplanylýan welosipede berilýän uly ähmiýetiň aýdyň subutnamasy boldy. Bu günki gün «Welosiped» binasy welosipedli ýörişleriň, ekologiýa çäreleriniň we beýleki iri dabaralaryň geçirilýän ýerleriniň birine öwrüldi.
Ýurdumyzda köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, medeni, sungat we beýleki çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge şeýle hem sport medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we bu asylly işleri üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda “Saglyk” döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzda sport bilen meşgullanmak üçin hem ähli şertler döredilen. Bu bolsa her bir adamyň beden taýdan sagdyn bolmagyna mümkinçilik berýär.
Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we ony wagyz ediji, şeýle hem bu ugurda ildeşlerimize, öňi bilen bolsa ýaşlara şahsy görelde görkezmek bilen, milli Liderimiz adam we onuň saglygy, abadançylygy ugrundaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Türkmenistanyň tutuş ilatymyza işjeň dynç alyş üçin giň mümkinçilikleri açýan «Bedenterbiýe we sport hakyndaky» Kanunynyň kabul edilmegi döwletimiziň halkyň saglygy hakynda edýän aladasynyň ýene-de bir subutnamasydyr. «Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy» diýen ada mynasyp bolan Türkmenistan bu babatda sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty ýakyn hem-de uzak möhletli geljek üçin ösdürmäge we wagyz etmäge gönükdirilen üstünlikli ädimler boýunça beýleki döwletlere görelde bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, her ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenilýär. Bu bolsa saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň tutanýerli zähmetini, ilatyň sagdyn durmuşyny üpjün etmäge goşýan uly goşantlaryny has-da dabaralandyrýar. Saglygy goraýyş edaralarynda zähmet çekip, halkyň saglygyny goramakda, saglygy goraýyş işini ösdürmekde goşant goşan ýokary hünärli lukmanlara «Türkmenistanyň halk lukmany» diýen hormatly at dakylýar.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä derejesinde ösdürildi. Ýurdumyzda adam ömrüniň ortaça dowamlylygy artdy. Gazanylan bu ajaýyp üstünliklerde saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň uly paýy bar.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Jeren AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Iç keselleriniň propedewdikasy kafedrasynyň assistenti.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.