JANY SAG,BAŞY DIK ÝAŞLARYŇ ÖŇÜNDE HIÇ HILI KYNÇYLYK BOLUP BILMEZ
09-10-23

Eziz Diýarymyzda raýatlaryň saglygyny goramak babatda durmuşa geçirilýän tutumly işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen döwlet ideologiýasyny dabaralandyrýar.Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek maksady berkarar döwletimizde alnyp barylýan ähli işleriň özenini düzýär. Esasy Kanunymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilýän adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýan işler keselleriň öňüni almak we bejermek bilen birlikde, ilatyň durmuş goraglylygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy ýaly möhüm wezipeleri esas edinýär.
Ilatyň saglygy baradaky aladanyň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde durýandygy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýene bir gezek tassyk tapdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bu mejlisde sözlän çuňňur manyly sözünde: “...Halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hem berk binýadydyr” diýip nygtady.
Ata Watanymyz Türkmenistanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilip, ösen we döwrebap saglygy goraýyş ulgamy kemala getirilýär. Adamlar sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kadalaryny berjaý etmegi, sport bilen meşgullanmagy özleriniň gündelik endiklerine öwren bolsalar, onda şol jemgyýete diňe öňegidişligiň, ösüşleriň, täze-täze üstünlikleriň ýaran bolýandygy hakykatdyr.
Häzirki wagtda Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy häzirki döwrüň ähli mümkinçiliklerini üstünlikli durmuşa geçirýär. Ylaýta-da, çagalaryň we eneleriň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmegi milli aýratynlyklara laýyklykda durmuşa ornaşdyrmak, ilatymyzy Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümlikleriň hem-de ýerli çig mallaryň hasabyna öndürilýän dermanlar bilen üpjün etmek ýaly ugurlarda uly netijeler gazanyldy. Häzirki ajaýyp döwrümizde
Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam edýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we halkara ülňülerine laýyk getirmek babatda düýpli işler amala aşyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda we olara garşy göreşmekde ýurdumyzyň goşan goşandynyň hem-de gazanan uly üstünlikleriniň ykrarnamasy hökmünde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan Türkmenistan döwletimize gowşurylan güwänamalar munuň subutnamasydyr.
Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak, eşretli döwürde ýaşaýan bagtyýar halkymyzyň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler we giň şertler döredilendir. Bu wezipeleriň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendigini aýratyn bellemek gerek. Ösüşleriň we özgerişlikleriň rowaç alýan ýurdy bolan eziz Diýarymyzda milli sporty ösdürmekde uly işleriň amala aşyrylýandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny, abadançylygyny üpjün etmek, bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmek üstünlikli amala aşyrylýar. Ýaş nesil ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýar. Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň çäklerinde kämil, beden we ruhy taýdan sagdyn, maşgala gymmatlyklaryna gadyr goýýan, täze tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýaş nesli terbiýelemek barada maksatlar anyk kesgitlenendir.
Okuwda, işde kämillige tarap hereket etmek her bir ýaş nesliň mukaddes borjudyr. Bu talap geljekde ynsan saglygynyň goragynda durjak lukmançylyk hünärine taýýarlanýan ýaşlar üçin has hem möhümdir, çünki adam üçin iň gymmatly zat — saglykdyr. Saglyk — iň beýik baýlyk, bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynadyr. Şonuň üçin hem bu günki günde sagdyn durmuş ýörelgeleri ösdürilýär, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda ýaşlar sport bilen yzygider meşgullanýarlar.
Ýaşlaryň diňe sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmeklerinde däl-de, eýsem, giň dünýägaraýyşly bolmaklarynda hem sportuň uly orny bardyr. Çünki sport bilen meşgullanmak pikirlenişiňi ösdürýär, gan aýlanyşygy kadalaşdyrýar, okamaga, öwrenmäge höwes döredýär. Şonuň üçin hem bedenterbiýe we sport ýaşlaryň saglygyny berkitmek bilen bir hatarda, şahsyýet hökmünde olaryň saglygyna, işjeňligine, kämilleşmegine uly täsir edýär.
Bilşimiz ýaly, her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamynda we derman senagatynda agzybir zähmet çekýän işgärlere hem-de olaryň adam saglygyny goramak ýaly jogapkärli we ynsanperwer işlerine goýulýan sylag--hormatdyr.
Saglygy goraýyş ulgamynda ýetilýän her bir sepgit täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Geldi GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.