Edermendir ogul-gyzyň, jan Watanym Türkmenistan!
09-10-23
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaşlaryň has-da kämil şahsyýetler, Watany gülledip ösdürýän nesiller bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalar edilýär. Munuň aýdyň mysalynda ähli pudaklara sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny görkezmek bolar. Ýaşlaryň arasynda geçirilýän dürli bäsleşikler, gurnaklar biziň bagtyýar zamanamyzda bagtly ýaşlaryň dünýägaraýşyny artdyrmagyň, olaryň aýdyň geljeginiň güwäsidir. Ylym-bilimli ýaşlary ösdürip ýetişdirmek bolsa elbetde, her bir bilim işgäriniň mukaddes borjudyr. Şeýle ösen tehnologiýalardan baş çykaryp, dürli hünärleri ele almakda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, hünäre ugrukdyrmak ýurduň ösüşine oňyn täsir edýär. Sanly bilim ulgamyna geçilmegi hem munuň aýdyň mysaly bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz biziň geljegimize — ýaşlara uly ynam bildirýär. Ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenip, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda uly tagallalary durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşlar baradaky syýasatyndan we döredip berýän mümkinçiliklerinden ugur alyp, häzirki zaman ösen maglumatlar jemgyýetimizde ýaşlary milli äheňde, dünýä tejribesine daýanmak esasynda olarda bar bolan zehini ýüze çykarmak we endik başarnyklaryny kämilleşdirmek her bir bilim işgäriniň esasy borjudyr.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty ýokary bilimli ulag ulgamyndaky hünärmenlerini taýýarlamaklygy alyp barýar. Hünärleriň ählisi häzirki zamanyň ösen tehnologik prosesi bilen aýrylmaz derejede göz öňünde tutulyp, ýaş hünärmenlere ýetirilýär. Institutyň agzybir mugallymlary hem öz gezeginde bu ulgamda zähmet çekjek hünärmenleriň döwrebap ýokary bilimli bolmaklary üçin birnäçe işleri alyp barýarlar.Okamak, öwrenmek, döretmek üçin bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hut özüniň başda durmagynda birnäçe uly göwrümli işler durmuşa geçirilýär.
Arkadagly Serdarymyz ýaş neslimiziň bilimden ýüküniň ýetik, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berip, bu ugurdaky işleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwürdi. Ine, şeýle bagtyýar zamanada, bilim pudagynyň gülläp ösýän döwründe bilimli, başarnykly ýaş neslimiz kemala gelýär. Döwletimiz bilim ulgamyna uly möçberde maýa serişdelerini gönükdirýär, munuň özi yzygiderli kämilleşýän okuw maksatnamalary bolan döwrebap okuw mekdeplerini döretmäge mümkinçilik berdi. Bularyň hemmesi ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak üçin şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, aýratyn nygtamaly zatlaryň biri bilim edaralarynyň ähli görnüşlerinde we derejelerinde, degişli pudak ulgamlarynda hünärli bilimiň berilmegi, hünärmenleriň taýýarlanmagy, hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy häzirki döwürde uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz çykyşlarynda ylym we bilim ulgamyny ýurdumyzyň ösüşinde jemgyýetimiziň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmegi nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ulgamlarda hünärmenleriň kuwwatyny kemala getirmäge toplumlaýyn, oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyny, degişli düzümleri hem-de maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrmagyň, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegiň we ornaşdyrmagyň möhümdigini belleýär. Ýaşlaryň kämil bilim almagy ugrunda döwletli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Süleyman DÖWLETGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.