Sagdyn durmuş — bagtyýar ýaşaýyş
04-04-24

Saglygy goramak, bedenterbiýe we sport Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň durmuşynyň möhüm ulgamlary bolup durýar. Raýatlarymyzyň sagdyn bolmagy Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, adamlaryň bagtyýar we abadan durmuşynyň möhüm şertidir. Her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenip geçilýär. Bu senäniň ählihalk derejesinde giňden bellenilmegi döwletimiz tarapyndan mähriban halkymyzyň saglygyny goramaga uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.Watanymyzda ynsan saglygy iň gymmatly baýlyk hasaplanyp, raýatlaryň saglygy we bagtyýarlygy ugrunda buýsanja mynasyp işler durmuşa geçirilýär. Ähli welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda innowasion tehnologiýaly häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň, döwrebap şypahanalaryň yzygiderli gurlup, ildeşlerimiziň hyzmatyna berilmegi hem ynsan saglygy hakda edilýän aladanyň subutnamasydyr.
Häzirki wagtda ak mermerli paýtagtymyzda Halkara pediatriýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de beýleki saglygy goraýyş desgalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyryljak bu desgalar ýurdumyzda öňden bar bolan saglygy goraýyş merkezleriniň we desgalarynyň üstüni ýetirer.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy täze belent sepgitlere çykýar. Innowasion ugurlara esaslanmak bilen, lukmançylyk edaralarynyň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak, ilata ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny hödürlemek, raýatlarymyzyň sagdynlygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bularyň hemmesi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, raýatlarymyzyň saglygynyň bähbidine üstünlikli durmuşa geçirilýän parasatly syýasatyň netijesidiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramak meselesine aýratyn ähmiýet berlip, ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry saýylýar. Milli saglyk ulgamynda gazanylýan uly özgertmeler Hormatly Prezidentimiziň halkyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýandygy baradaky beýik hakykatyň güwäsi bolup durýar. Ýurdumyzda «Saglyk» döwlet Maksatnamasyndan ugur alyp, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek üçin innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan halkara merkezleri açylyp ulanylmaga berilýär. Halkymyzyň beden we ruhy sagdynlyk baradaky ýörelgeleri ileri tutulyp, adamlaryň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary üçin ähli amatlyklar döredilýär. Soňky ýyllarda eziz Diýarymyz halkara sport ýaryşlarynyň sebitdäki iň iri merkezleriniň birine öwrüldi.
Döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan ýaşlarymyz Watanymyzda we halkara derejesinde geçirilýän sport bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýaşyl Tugumyzy al asmanda parladýarlar. Ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri bolsa biz – ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryny çäksiz buýsandyrýar.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, sagdynlygyň hem-de parahatçylygyň mekanyna öwren, türkmen halkyny döredijiligiň, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Maýsa MOMMYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik anatomiýa kafedrasynyň mugallymy.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.