Parasatyn dünýä ýaýýan, Pyragy!

11-10-23

Türkmen edebiýatyny dünýä tanadan, akyldar, filosof, alym Pyragynyň edebi mirasyna we çuňňur döredijiligine, kämil şahsyýetine goýulýan sarpa barha belende göterilýär. Bu hakykata Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylýan dabaralaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Sebäbi islendik döwürde hem  ynsan durmuşyny many-mazmuna besleýän, ýol-ýörelge bolýan we ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde ajaýyp çeşmä öwrülen Magtymguly atamyzyň eserleri öz gymmatyny mäkäm saklaýar. Şoňa görä-de, Magtymguly Pyragy döwürleriň hem nesilleriň şahyry hasaplanylýar.

Döwletmämmet Azadynyň terbiýe ojagynda kemala gelen Magtymguly öz bilim-düşünjesi, ylmy garaýyşlary, çuňňur pelsepesi we manyly edebi mirasy bilen milli döredijiligiň mizemez sütünini binýat etdi. Akyldar şahyryň ajaýyp şygyrlary bu günki günde türkmeniň terbiýeçilik ýörelgesiniň hem aýrylmaz bölegine öwrüldi. Öwütndewe, sargyt-wesýetlere ýugrulan naýbaşy şahyrana eserleri bilen köňüllerde ýaşaýan Magtymguly atamyzyň edebi mirasy döwrüň ýaş nesillerini päk ruhy garaýyşlarda ýetişdirmekde bahasyz çeşme bolup hyzmat edýär. Halkymyzyň Magtymguly Pyraga goýýan hormat-sarpasy ähli durmuş wakalarynda, hatda ykbal kesgitleýji pursatlarda hem ýolgörkeziji bolup durýar. Şonuň üçin hem öz beýik şahsyýetiniň many akabasyndan ruhy teşneligi ganýan halkymyz ähli işlerde, şol sanda nesil terbiýesinde şahyryň eserlerine yzygiderli salgylanýar.

Öz ruhy medeniýetini, edebiýatyny, dilini we terbiýeçilik däplerini barha berkidýän halkymyz dana şahyryň eserlerini hemişe ýol-ýörelge saýýar. Nesiller üçin çuňňur terbiýeçilik mekdebine, durmuş sapaklaryna öwrülen şahyryň şygyrlary watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, adalatlylygy, agzybirligi, jebisligi we il-halka wepalylygy ündeýär. Ýaşaýyşa akyl ýetirmäge, geçmişi öwrenmäge, geljege ynam bilen garamaga we şahsyýet hökmünde has-da kämilleşmäge çagyrýan Pyragynyň eserlerinde millilik we döwletlilik düşünjeleri jemlenýär. Pähim-parasaty äleme nusgalyk bolan türkmen topragynyň akyldar oglunyň ölmez-ýitmez edebi mirasynda iň ýagşy ynsan häsiýetleri wagyz edilýär. Şoňa görä-de, ol eserler umumadamzat ähmiýetli gymmatly çeşme hökmünde ykrar edilýär. Magtymguly Pyragynyň golýazmalarynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna goşulmagynyň özi hem munuň şeýlediginiň aýdyň nyşanydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda şahyryň ençeme eserleriniň ýygyndylarynyň täzeden ýokary hilli nusgalarda çap edilmegi, Magtymgula bagyşlanan ylmy-çeper işleriň, makalalaryň neşir edilmegi, şahyryň goşgularynyň daşary ýurt dillerine terjime edilmegi we dürli görnüşli sungat eserleriniň döredilmegi bolsa şahsyýetiň sarpasyny dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmekde oňyn ähmiýete eýedir. Türkmen danasynyň dürdäneleriniň dünýäniň alymlary tarapyndan öwrenilmegi bolsa has-da buýsançlydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň eserleri bu gün türkmen halkynyň owazy bolup, dünýä ýaň salýar. Dana Pyragyny dünýä beren halkymyzyň mertebesi Ýer ýüzünde hemişe belentdir. Magtymguly Pyragynyň külli türkmeniň köňül küýsegini siňdiren: «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, // Göteriler ol ykbaly türkmeniň», «Hor galmasyn puştdan-puşdum, // Berkarar döwlet islärin» diýen umytly arzuwlary 1991-nji ýylda döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen hasyl boldy. Türkmen halkynyň ruhy ganaty Magtymguly şahyryň şygyrlar diwanynda beýan eden döwlet berkararlygy Esasy Kanunymyzda: «Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwlet dolandyryşy prezident görnüşinde amala aşyrylýar» diýilýän kadalarda berkidildi. Il-ýurdy üçin ýokary jogapkärçilik duýgusy bilen ýaşan, ynsan mertebesine içgin çemeleşen we ony çuňňur hormatlap, ýokary derejä göteren ynsanperwer şahyryň watandaşlarynyň we döwürdeşleriniň abadan durmuşda ýaşamaklary ugrundaky tagallalary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýilýän hem-de adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýän kadalarynda şöhlelendi. Magtymguly atamyzyň bütin türkmen halkynyň we jemgyýetiniň geljegi baradaky şahsy garaýyşlary hem-de durmuş aladalary Gahryman Arkadagymyzyň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň özenini düzdi. Ady äleme dolan nusgawy şahyrymyzyň parahat durmuş, oňşukly ýaşaýyş, hoşniýetli hyzmatdaşlyk, dostlukly gatnaşyk, haýyr-sahawatlylyk hakyndaky öwüt-nesihatlary BMG tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmeginde we onuň alyp barýan ynsanperwer içeri we daşary syýasatynda öz beýanyny tapdy.

Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda, halk agzybirliginde dana Magtymgulynyň abraý-mertebesi has belende galýar, onuň goşgularynyň köpüsi halk aýdymlary bolup ýaňlanýar. Goşgy setirlerinden gözbaş alýan akaba adamlaryň durmuşyna ornaşan ganatly sözlere we nakyllara öwrülýär. Türkmen halky, ady arşa göterilen Pyragynyň arzuwlan eýýamynda, onuň geçmiş bilen häzirki döwri baglanyşdyrýan, geljege şugla saçýan akyl akabasyndan galkynyp, bagtyýarlyk zamanynda azat-erkana ýaşaýar, parasatly sargytlaryna eýerip, päk yhlasy, kalp joşguny we zehin ylhamy bilen okaýar, döredýär, gurýar. Beýik akyldaryň hemişelik adalatlylyk, belent adamkärçilik, päklik, halallyk ýaly ýörelgeleýin ýoly bilen öňe barýar. Akyldar şahyrymyzyň döredijiligine çuň sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Magtymguly atamyzyň şygyrlary älem-jahana ýaýylyp, dünýä halklaryny mähribanlaşdyrýar, dostlaşdyrýar, doganlaşdyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň hem nygtaýşy ýaly, Pyragynyň ajaýyp şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli türkmenistanlylar öz topragynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň mertebesini dünýä ýüzünde şöhratlandyrýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza müdimilik alkyş aýdýar.

 Ýusup ABDYÝEW,
Ý
agşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.