YLYM-BILIM — ÖSÜŞLERIŇ AÇARY

10-12-25

Dünýä ýüzünde günsaýyn özgerýän ylmyň, bilimiň, tehnologiýanyň ýeten derejesini özleşdirmek, ony milli tejribede durmuşa geçirmek iň möhüm ugurlaryň hatarynda öňe çykdy. Milli ykdysadyýetiň ösüşiniň özeninde duran ylym-bilim ulgamynda özgertmeler yzygiderli geçirilýär. Diňe soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda açylyp ulanmaga berlen we düýbi tutulan ýokary okuw mekdepleriniň binalary hem halk hojalygynyň dürli ugurlarynyň ylmy taýdan esaslandyrylan binýadyny döredip, Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyny şertlendirdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işler bilim ulgamyny ösdürmegiň döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Hut şonuň üçin eziz Diýarymyzda ylym-bilimiň ileri tutulýan ýörelgelerine eýerilip, bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meseleleri üns merkezinde saklanýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu Konsepsiýa bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly enjamlary giňden peýdalanmak arkaly bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Täze taryhy eýýamda Konsepsiýany durmuşa geçirmek babatda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap bilim ojaklary gurlup ulanylmaga berilýär. Bu bilim ojaklarynyň ählisinde sapaklary multimediýa serişdelerini peýdalanyp interaktiw usulda geçmäge mümkinçilikler döredilýär. Okuw maglumatynyň multimediýa serişdesini peýdalanmak arkaly interaktiw usulda geçilmegi sapagyň gyzykly, özüne çekiji bolmagyna hem çuňňur özleşdirilmegine we ýaşlaryň döwrüň ösen tehnikasynyň mümkinçiligine akyl ýetirmegine ýardam edýär. Islendik ugurda bolşy ýaly, ýokary okuw mekdeplerinde sanly ykdysadyýete geçmekde kärine kämil hünärmenler hem taýýarlanýar. 

Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagynyň hem-de ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynyň, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň we netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Diýarymyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu möhüm wezipe dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, bilimiň ähli basgançaklarynda okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär.

Sanly bilim ulgamynyň çäginde bilim ojaklarynyň arasynda guralýan teleköpri arkaly geçirilýän okuwlara aýratyn ornuň degişlidigini bellemek gerek. Teleköpri arkaly geçirilýän okuwlar bir tarapdan ýaşlara ýurdumyzyň beýleki bilim ojaklarynda zähmet çekýän tejribeli mugallymlaryň geçýän sapaklaryny öz bilim ojagynyň çäginden çykman özleşdirmegine mümkinçilik berýän bolsa, ikinji tarapdan, ol mugallymlara özara tejribe alyşmakda hem ýakyn ýardamçydyr. Maglumatlaryň sanly ulgama geçilýän döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ojaklarynyň arasynda ylmy maglumatlary alyşmagyň toruny emele getirmek, olaryň onlaýyn ulgamy arkaly baglanyşdyrylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Ylym-bilim ojaklarynyň kitaphanalarynyň onlaýyn ulgamy arkaly baglanyşdyrylmagyny gazanmak ýurdumyzyň kitap goruny ulanyjylara giňden elýeterli etmäge oňyn täsirini ýetirýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň ösüşini halkara hyzmatdaşlykdaky giň mümkinçilikler kesgitleýär. Döwletleriň arasynda bilim, ylym, medeniýet, söwda-ykdysady gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak zerur bolup durýar. Ýurdumyzyň talyp ýaşlary ählitaraplaýyn — maddy-enjamlaýyn, ylmy nukdaýnazardan, syýasy-ykdysady gatnaşyklar, amatly ugurlar boýunça giňişleýin öwrenýärler. Ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurtlaryň bilim edaralary, halkara guramalary bilen tejribeleri öwrenmegiň nazaryýeti boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýän sanly ulgam arkaly okuw maslahatlary geçirilýär.

Görnüşi ýaly Watanymyzyň röwşen ertirleriniň dowamaty bolan ýaşlarymyza uly ynam bildirilýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagy, şol bir wagtda bilimlerini we ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikleri we şertleri döredilýär. Şöhratly zamanamyzda eziz Diýarymyzyň ähli ugurlarynda, şol sanda bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylýan üstünlikler ata Watanymyzyň geljeginiň has-da röwşen boljakdygyna güwä geçip, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarýar.

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny işjeň ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Döwletmyrat AMANOW, 
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň assistenti.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.