YLYMLY-BILIMLI ÝAŞLAR — DÖWRÜMIZIŇ DAÝANJY
11-10-23
Dünýä ýüzünde günsaýyn özgerýän ylmyň, bilimiň, tehnologiýanyň ýeten derejesini özleşdirmek, ony milli tejribede durmuşa geçirmek iň möhüm ugurlaryň hatarynda öňe çykdy. Milli ykdysadyýetiň ösüşiniň özeninde duran ylym-bilim ulgamynda özgertmeler yzygiderli geçirilýär. Diňe soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda açylyp ulanmaga berlen we düýbi tutulan ýokary okuw mekdepleriniň binalary hem halk hojalygynyň dürli ugurlarynyň ylmy taýdan esaslandyrylan binýadyny döredip, Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyny şertlendirdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işler bilim ulgamyny ösdürmegiň döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Hut şonuň üçin eziz Diýarymyzda ylym-bilimiň ileri tutulýan ýörelgelerine eýerilip, bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meseleleri üns merkezinde saklanýar.
2017-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu Konsepsiýa bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly enjamlary giňden peýdalanmak arkaly bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Täze taryhy eýýamda Konsepsiýany durmuşa geçirmek babatda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap bilim ojaklary gurlup ulanylmaga berilýär. Bu bilim ojaklarynyň ählisinde sapaklary multimediýa serişdelerini peýdalanyp interaktiw usulda geçmäge mümkinçilikler döredilýär. Okuw maglumatynyň multimediýa serişdesini peýdalanmak arkaly interaktiw usulda geçilmegi sapagyň gyzykly, özüne çekiji bolmagyna hem çuňňur özleşdirilmegine we ýaşlaryň döwrüň ösen tehnikasynyň mümkinçiligine akyl ýetirmegine ýardam edýär. Elbetde, islendik ugurda bolşy ýaly, sanly ykdysadyýete geçmekde hem kärine kämil hünärmenler zerurdyr. Bu babatda netijeli iş alyp barýan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda 40-dan gowrak hünärler boýunça hünärmenler taýýarlanýar. Olara tejribeli mugallymlar bu hünärleriň inçe tärlerini öwredýärler. Institutda häzirki zaman tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, okatmagyň zamanabap usullarynyň girizilmegi talyplara berilýän bilimiň has netijeli bolmagyna oňaýly täsirini ýetirýär.
Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagynyň hem-de ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynyň, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň we netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Diýarymyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu möhüm wezipe dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, bilimiň ähli basgançaklarynda okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär.
Sanly bilim ulgamynyň çäginde bilim ojaklarynyň arasynda guralýan teleköpri arkaly geçirilýän okuwlara aýratyn ornuň degişlidigini bellemek gerek. Teleköpri arkaly geçirilýän okuwlar bir tarapdan ýaşlara ýurdumyzyň beýleki bilim ojaklarynda zähmet çekýän tejribeli mugallymlaryň geçýän sapaklaryny öz bilim ojagynyň çäginden çykman özleşdirmegine mümkinçilik berýän bolsa, ikinji tarapdan, ol mugallymlara özara tejribe alyşmakda hem ýakyn ýardamçydyr. Maglumatlaryň sanly ulgama geçilýän döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ojaklarynyň arasynda ylmy maglumatlary alyşmagyň toruny emele getirmek, olaryň onlaýyn ulgamy arkaly baglanyşdyrylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Ylym-bilim ojaklarynyň kitaphanalarynyň onlaýyn ulgamy arkaly baglanyşdyrylmagyny gazanmak ýurdumyzyň kitap goruny ulanyjylara giňden elýeterli etmäge oňyn täsirini ýetirýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýalar ulgamynyň ösüşini halkara hyzmatdaşlykdaky giň mümkinçilikler kesgitleýär. Bu babatda iň oňaýly, ulag-logistik nukdaýnazardan netijeli häsiýete eýe bolan ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek, şonuň esasynda bolsa söwda-ykdysady gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak zerur bolup durýar. Geografik taýdan amatly ýerde ýerleşýän ýurdumyzyň multimodal ulag geçelgelerindäki mümkinçiliklerini bolsa talyp ýaşlar ählitaraplaýyn — maddy-enjamlaýyn, ylmy nukdaýnazardan, syýasy-ykdysady gatnaşyklar, amatly ugurlar boýunça giňişleýin öwrenýärler. Ýokary okuw mekdebinde daşary ýurtlaryň bilim edaralary, halkara ulag guramalary we goňşy döwletleriň ulag kompaniýalary bilen ulaglaryň işini öwrenmegiň nazaryýeti boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýän sanly ulgam arkaly okuw maslahatlary geçirilýär.
Görnüşi ýaly Watanymyzyň röwşen ertirleriniň dowamaty bolan ýaşlarymyza uly ynam bildirilýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagy, şol bir wagtda bilimlerini we ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikleri we şertleri döredilýär. Şöhratly zamanamyzda eziz Diýarymyzyň ähli ugurlarynda, şol sanda bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylýan üstünlikler ata Watanymyzyň geljeginiň has-da röwşen boljakdygyna güwä geçip, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarýar.
Selimberdi ORAMMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Halypa mugallymy Sülgünjemal ORAZMÄMMEDOWA.
Hoş geldiň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň asyl köklerinden syzylyp çykýan hoşniýetlilik, goňşa hormat, dost-doganlyk ýörelgeleri agzybirlik diýen düşünjeden gözbaş alýar. Agzybirlik bolsa diňe bir öz halky üçin däl, häzirki wagtda daşary syýasatda hemişelik Bitaraplygy tug edinen halkymyzyň goňşy döwletler we halklar bilen agzybirlik kadalaryna berk uýmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
MALAÝZIÝA BILEN TÜRKMENISTANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK
Türkmenistan bilen Malaýziýa hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin bilelikdäki topary döretmek bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmagy maksat edinýärler.
MALAÝZIÝA HALKLARY BILEN TÜRKMENISTANYŇ DOSTLUKLY GATNAŞYKLARY
Döwlet Baştutanymyz resmi sapar bilen Malaýziýa geldi. Bu sapara ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açýan tapgyr hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan, Türkmenistan Malaýziýa bilen däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar.
Täze ýyl arçasy halkymyza nur saçdy
Mälim bolşy ýaly, 15-nji dekabrda hemmeler üçin uzak garaşylan, şatlykly we mähriban baýramyň — Täze ýylyň ýetip gelýändigini alamatlandyryp, ýurdumyzyň Baş arçasy nurana öwüşginde ýalkym saçdy. Asylly däbe görä, paýtagtymyzyň Köpetdagyň etegindäki täsin tebigy künjekleriniň birinde ýerleşýän “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdança dabaralaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu ýerde iň owadan belent arça oturdylyp, ertekiler şäherjigi emele geldi.
Aşgabat – parahatçylygyň we dostlugyň şäheri
2013-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabat dünýäde iň ýokary derejede ak mermere örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda bellige alyndy. Munuň özi Aşgabadyň dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.