Sanly ykdysadyýete ynamly badalga

02-10-25

Berkarar döwletimiziň gurujy, dörediji, oýlap tapyjy, ösen aň-düşünjeli intellektual ýaşlary kemala getirmek Türkmenistanyň şu günki täze taryhy döwrüniň möhüm aýratynlygydyr. Ösen bazar gatnaşyklaryny nazarlaýan işjeň syýasatyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýan ylmy-tehniki döwrebaplaşmak, ähli ulgamlarda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ösen senagaty kemala getirmek ýurdumyzyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hut şu jähetden önümçiligiň ähli pudaklaryna ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy we iň täze tehniki hem tehnologik enjamlaryň netijeli ulanylmagy biziň ýeten belent sepgitlerimizde, gazanan üstünliklerimizde möhüm ähmiýete eýedir. Milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron senagatyny döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürligine we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek babatdaky uly işler sanly özgertmeleriň dünýä derejesinde ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýar.

Häzirki taryhy döwürde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda sanly ulgam, ylmy işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli amal edilýär. Munuň özi döwrüň talabyna laýyklykda, pudaklaryň işini kämilleşdirmekde iňňän möhümdir. Sanly ykdysadyýetde sanly marketing, sanly bilim, sanly bank hyzmatlary, sanly täjirçilik, sanly aragatnaşyk, sanly saglygy goraýyş ýaly adalgalar hereket edýär. Sanly ykdysadyýetiň hereket etmegi jemgyýetiň, işewürligiň we hökümetiň bir wagtda sanlylaşdyrylmagyny şertlendirýär. Şu jähetden, sanly ykdysadyýetiň ösüşi oňa gatnaşyjylaryň özara hyzmatdaşlygynyň ähli derejelerinde sanly gatnaşyklary ýola goýmak işiniň çaltlandyrylmagy bilen bagly bolup durýar. Milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron senagatyny döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek — sanly özgertmeleriň dünýä derejesinde ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe gaýragoýulmasyz meselelerdir.

Sanly ykdysadyýet tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny iki maksada gönükdirilýär. Birinjisi, täze ýagdaýlara uýgunlaşdyrylýan kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegidir. Ikinji maksady önümçiligiň sanly ýörelgelerine eýerip, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar we kompaniýalar üçin amatly şertleriň döredilmegidir. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle-de milli ykdysadyýetiň düýbünden tapawutlanýan täze hile geçmegine ýardam berýär. Ýurdumyzda ilata hödürlenýän dürli görnüşli hyzmatlaryň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, durmuş ulgamynyň dürli pudaklaryna sanly innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler öz oňyn netijesini berýär.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň degişli kärhanalary tarapyndan watandaşlarymyza hödürlenýän hyzmatlaryň hil derejesini kämilleşmek maksadynda awtomobil, howa, demir ýol ulaglarynyň hyzmatlaryndan peýdalanýan ýolagçylara sanly mümkinçilikleri ornaşdyrmak işleri üstünlikli dowam edýär.

“Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy ýerli we halkara ugurlary boýunça ýolagçy biletleriniň internet (www.turkmenistanairlines.tm) arkaly “online” satuwynyň ýola goýulmagy, şeýle-de demir ýol ulaglarynda innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak maksady bilen “Android” we “iOS” işlediji ulgamlaryna niýetlenen “Demirýol” programmasynyň döredilip, halka elýeterli edilendigi barada aýtmak ýerlikli bolar. Bu programma arkaly her bir raýat ýurduň içerki ýolagçy otly gatnawlarynyň haýsy ugra, haýsy şähere we stansiýa barjakdygyny, otlynyň ugrajak wagtyny kesgitläp bilýär.

Türkmenistanyň aragatnaşyk ministrliginiň “Türkmentelekom”, “Altyn Asyr”, “AŞTU” aragatnaşyk kärhanalarynda internet, IPTV, kabel telewideniýesi, öýjükli we simli telefon hyzmatlary üçin “online” töleg hyzmatlarynyň we ýeňillikli nyrhnamalarynyň döredilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Täze ýylyň bosagasynda «Türkmenpoçta» ýurduň islendik künjegine baýramçylyk sowgatlaryny ugratmagyň ygtybarly we oňaýly usulyny halkymyza hödürleýär. Kompaniýanyň çaparçylyk hyzmaty Türkmenistanyň dürli sebitlerine ýollamalary tiz we ýokary hilli eltip bermegi üpjün edýär. «ÇaparPay» mobil goşundysy arkaly bolsa Türkmenistanyň islendik bank kartyndan tölegleri awtomatiki usulda geçirmegi hödürleýär.

Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministrliginiň “Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde döwrebap hyzmat “Taksi” hyzmaty ýola goýuldy. Bu hyzmatda “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministrliginiň bilelikdäki şertnamasy esasynda, täze taksi ulaglarynda planşetler ornaşdyryldy. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler merdana halkymyzyň syýasy-ykdysady we medeni-ruhy taýdan kämil ösüşleri gazanýandygyna güwä geçýär. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, raýatlarymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça ýokary netijeleriň gazanylýandygyna şaýatlyk edýär. Bu babatda sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen baglanyşykly ýurdumyzda kabul edilen konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi giň we täze mümkinçilikleri özünde jemleýär.

Erkin ATAMYRADOW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň 5-nji ýyl talyby.

Halypa mugallymy: Meýlis ARTYKGURBANOW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

16aed65d0733a6.png
Ulag-aragatnaşyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar

Ulag we aragatnaşyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar. Bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Annaýewiň hasabatynda bellenildi. 


16aed62c2983e8.jpeg
Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň on aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 3,8 göterime, gurluşykda 6,8 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 8,6 göterime, oba hojalygynda 1,2 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,5 göterime deň boldy.


16aed5bcbd1c1b.png
Türkmenistanda Aşgabat–Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni uzynlygy 546 kilometre deň boljak Aşgabat–Daşoguz awtomobil ýolunyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Täze ýol paýtagty ýurduň demirgazyk sebiti bilen birleşdirip, geljekde Demirgazyk–Günorta halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegine öwrüler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.


16aed5cabd50aa.jpeg
"Hazar Logistik" we "Gebrüder Weiss" Türkmenbaşy portunyň logistika mümkinçiliklerine garadylar

Türkmenistanyň "Hazar Logistik" hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçylary bilen Awstriýanyň "Gebrüder Weiss GmbH" halkara ulag-logistika kompaniýasynyň wekilleri arasynda işewür duşuşyk geçirilip, taraplar halkara ýük daşamalaryny ösdürmekde Türkmenbaşy portunyň we Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerinden peýdalanmak meselelerine garadylar. Bu barada "Hazar Logistik" kompaniýasynyň sosial sahypasynda habar berilýär.


16aed6165405d9.jpeg
Türkmenistanda «akylly şäherler» boýunça hünärmenler taýýarlanylar

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi «akylly şäherler» ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen ýurtdaky we daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdepleri, ylmy guramalar hem-de kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlanýar. Bu barada Aşgabatda geçirilýän CIET 2026 halkara maslahatynda we sergisinde aragatnaşyk ministriniň orunbasary Berdimyrat Berdiýew mälim etdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.