Saglyk, bilim, sport — ösüşleriň binýady
14-10-23
Ýurdumyzda giňden bellenilen Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli 10 — 12-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we onuň çäklerinde ylmy maslahat geçirildi. Sergä dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan lukmançylygyň dürli ulgamlaryndaky wekiller gatnaşdylar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda uly tagallalar edilýär. 10 — 12-nji oktýabr aralygynda paýtagtymyzda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi hem-de onuň çäklerindäki ylmy maslahat hem bu hakykatyň dabaralanmasyna öwrüldi. Ýöriteleşdirilen forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bölüminde ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, ildeşlerimizi bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan köpugurly işler beýanyny tapdy. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary esasynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sportuň dürli görnüşleri boýunça iri halkara ýaryşlara taýýarlamak hem-de olaryň ussatlyk derejesini ýokarlandyrmak, ýokary netijeleri gazanmaklary üçin zerur şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat hem bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklady. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň pawilýonynda professor-mugallymlarymyzyň hem-de talyplarymyzyň gazanan üstünlikleri, ylmy açyşlary, taslamalary tanyşdyrylýar.
Ýurdumyzda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi, döwrebap bilim almagy, terbiýelenmegi, wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin ähli şertleri döretmek milli bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň esasy şertleridir. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetinde bilim alýan talyp ýaşlary ylma çekmek üçin ýörite gurnaklaryň ençemesi hereket edýär. Ýokary okuw mekdebimizde okuw kitaplaryny, gollanmalary taýýarlamaga, bilim bermek işine täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmaga, bu ugurda iň gowy dünýä tejribesinden peýdalanmaga we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berilýär. Talyplarymyz ylym-bilim olimpiadalary, taslama bäsleşikleri bilen birlikde, sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärler. Dünýäniň 20-den gowrak döwletinden wekilleriň gatnaşmagynda guralan ýöriteleşdirilen halkara sergide öz üstünliklerimizi tanyşdyrmak biziň üçin uly hormatdyr.
Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek bilen baglanyşykly ajaýyp zamanamyzda amala aşyrylan işler hem göwnüňi galkyndyrýar. Muňa diňe şu ýylyň dowamynda türkmen türgenleriniň dürli derejedäki halkara ýaryşlarda 400-den gowrak medal gazanmagyny mysal getirmek ýeterlikdir.
Hormatly Prezidentimiziň «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata iberen Gutlagynda: «Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän, halklary we döwletleri jebisleşdirýän güýçdür» diýip belleýşi ýaly, bu ugurda gysga döwürde durmuşa geçirilen işler datly miwelerini-de eçilýär. Bu halkara sergi we ylmy maslahat geljekki ösüşlerimizi üpjün etmekde täze mümkinçilikleriň meýdanyna öwrüldi. Ýurdumyzy sagdynlygyň hem ruhubelentligiň, ylym-bilimiň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Bähbit MYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby .
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.