SANLY BILIM TEHNOLOGIÝALARYNYŇ KEMALA GETIRILMEGI
29-12-25
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.
Sanly bilimi ösdürmek üçin ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi hem öňe çykarylýar. Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýedir. Her ýyl ak mekdeplere ilkinji gezek gadam basýan mekdep okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterleriň sowgat berilmegi hem bellärliklidir. Munuň özi ýaş nesliň çagalyk döwründen başlap kompýuter serişdelerini peýdalanyp bilmeklerini üpjün edýär.
Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Ony durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar.
Bagtly geljegiň binýadyny goýýan, bilimiň ak ýolundan öňe sary gadam urýan ýaşlar halkara bäsleşiklere işjeň gatnaşýarlar, zehin-başarnyklaryny görkezip üstünlik gazanýarlar. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzyň geljekki eýeleri boljak ýaşlary edepli, bilimli, tutanýerli, hemmetaraplaýyn kämil adamlar edip ýetişdirmek barada durmuşa geçirýän beýik işleriniň beýanydyr. Ýaş nesillerimiziň üstünlikleri — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basan ýurdumyzyň üstünlikleridir. Ýaş raýatlarymyzyň döwrebap bilim almaklary, şeýle-de olaryň geljekki hünärini saýlamaklary, öz ukyp-başarnyklaryndan doly peýdalanmaklary, durmuş meýilnamalaryny amala aşyrmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Milli bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipelere ýetmek üçin mynasyp hünär derejeli işgärleri taýýarlamaklygyň zerurlyklary hasaba alnyp, bu ugra oýlanyşykly çemeleşilýär. Bu möhüm wezipeleri amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ähli mümkinçilikler döredilendir. Şol mümkinçiliklere esaslanyp, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany ýyl-ýyldan artdyrylýar. Şonuň bilen bir hatarda, ýokary okuw mekdeplerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak hem-de olaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de ýokary okuw mekdeplerini doly hojalyk hasaplaşyk usulyna tapgyrlaýyn geçirmek maksady bilen, tölegli esasda okamaga isleg bildirýänler üçin orunlar bölünip berilýär.
Ylym ulgamyna döwlet tarapyndan goldaw bermek, geljegi uly ylmy barlaglary, işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek ýaly ugurlar üns merkezinde saklanylýar. Ylmy işleri ösdürmek, ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn esasda geçirmek we onuň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu babatda daşary ýurtly alymlar ýurdumyzda döwrebap ylmy düzümiň bardygyny, oňa hormatly Prezidentimiziň goldawy we üns bermegi netijesinde täzeçil işlemek üçin zerur mümkinçilikleriň döredilendigini nazara alyp, türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge uly isleg bildirýärler.
Çünki ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden ne- tijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr. Şonuň ýaly-da ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlan elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.
Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde bilimi dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmaga hem möhüm orun degişlidir. Bu ugurda bilimi dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmagyň aýratyn ýörelgesi hökmünde bilim işine gatnaşyjylaryň ählisine, ilkinji nobatda okaýanlara we olaryň ata-enelerine elektron bilim hyzmatlarynyň berilmegi maksat edinilýär. Zerur bolan elektron hyzmatlaryň (elektron žurnal, elektron gündelik, elektron ýazgy we beýlekiler) ýola goýulmagy göz öňünde tutulýar.
Maýsa MOMMYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik anatomiya kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.