Beýik döwlet nusgalyk taglymat bilen gurulýar

17-10-23

24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen umumymilli maslahatyň gün tertibine ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösüşini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri girizildi.

Taryhdan mälim bolşy ýaly, türkmenler milli aýratynlyklaryna görä, islendik tutumly iş bilen bagly birek-birege geňeş salypdyrlar, maslahatlaşypdyrlar. Ýakynda paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi bu durmuşy ýörelgäniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýändigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar.Döwletimiziň ykdysady kuwwaty barha artýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bolsa, döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlaryna öwrülýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» şygary bilen utgaşdyrylmagy arkaly halk hojalygynyň ähli ugurlarynda gazanylýan ösüşleriň il-günüň bähbidine gönükdirilýändigini aýdyň görkezýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka bolup, onuň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri girizilýär. Nobatdaky umumymilli forum hem Diýarymyzyň ähli sebitlerine wekilçilik edýän jemgyýetçilik wekillerini bir ýere jemläp, milli demokratik däplerimize, adalatlylyk, döwletlilik ýörelgelerine esaslanyp, döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmegiň özboluşly meýdançasy bolup hyzmat etdi.

Mejlisde Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyş edip, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerimizi has-da berkitmek, halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň bähbidine öňde duran örän möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, anyk wezipeleri kesgitlemek babatda düýpli pikirlerini öňe sürdi. Milli Liderimiziň: «Halk bilen häkimiýetiň mizemez jebisligi biziň ähli işlerimizi rowaçlandyrýan güýçdür. Biziň bu ugurda gazanan üstünliklerimiz kanunlaryň berjaý edilmegine esaslanýar. Esasy Kanunymyzda halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy hökmünde ykrar edilýär» diýen sözleri bolsa ýurdumyzyň her bir raýatyny Watanymyzyň bähbidine tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hut halkyň wekilleriniň teklipleri esasynda döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi — «Altyn Aý» altyn nyşanyny gowşurmak bilen, Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy Diýarymyzyň her bir raýatynyň kalbyny egsilmez buýsanja besledi.

Mälim bolşy ýaly, forumda çykyş eden ildeşlerimiziň ählisi biragyzdan döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz döwletimizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly alyp gitmekde, ata-babalarymyzyň asylly däplerini mynasyp dowam etdirmekde giň gerimli işleri alyp barýandygyny belläp, Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylmagy baradaky teklip bilen çykyş etdiler. Şunlukda, watandaşlarymyzyň arzuw-isleglerini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan degişli karar kabul edildi we hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň iň ýokary döwlet sylagy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyza berlen belent döwlet sylagyna tutuş halkymyza, ildeşlerimiziň joşgunly göwünlerine ganat berdi.

Häzirki döwürde Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, döwürleriň aýrylmaz baglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamatlylygyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelere, saýlap alan döredijilikli ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýylynyň iri taryhy wakasy hökmünde hakydalarda orun aljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz: «Halk bilen häkimiýetiň mizemez jebisligi biziň ähli işlerimizi rowaçlandyrýan güýçdür. Biziň bu ugurda gazanan üstünliklerimiz kanunlaryň berjaý edilmegine esaslanýar. Esasy Kanunymyzda halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy hökmünde ykrar edilýär. Halkyň öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýandygy nygtalýar» diýip, Halk Maslahatynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Şu gezekki taryhy maslahatda halkymyzyň, Watanymyzyň bähbidine örän köp wezipeler, örän köp tutumlar öňe sürüldi, halk wekilleriniň teklipleri diňlenildi. Türkmenistany ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan we häzirki döwürde ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirmek babatda giň gerimli işleri amala aşyrýan gujur-gaýratly, zehinli, maksada okgunly döwlet Baştutanymyzyň ägirt uly hyzmatlarynyň göz öňünde tutulyp, foruma gatnaşyjy ýaşulularyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy baradaky teklibiň biragyzdan goldanylmagy halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ählihalk tarapyndan goldawa mynasyp bolýandygynyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň mähriban halkymyzyň söýgüsini gazanandygynyň aýdyň beýanydyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany beýik ösüşlere beslemek ugrunda alyp barýan döwletli işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygymyzyň çägi ýok. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

Döwletgeldi GELENOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.