Türkmenistanyň ulag ulgamy ösüş ýolunda

17-10-23

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow:

Türkmenistanyň ulag-logistikasy Ýewraziýa yklymynyň üstaşyr düzüminiň möhüm bölegidir.

Türkmenistanyň ulag ulgamy önümçilik kuwwatlyklarynyň uly ätiýaçlyklaryna eýe bolup, oňa ýük daşalyşynyň we ýolagçy gatnadylyşynyň, şol sanda biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän üstaşyr ulaglaryň aýratyn möçberlerini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Ulag-üstaşyr ulgamy türkmen döwletiniň geosyýasy maksadyna sazlaşykly goşulýar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýär, köp şahaly ulag düzümini döretmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär. Häzirki zaman şertlerinde bu ulgam dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýän dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar, durnukly ösüşi üpjün etmegiň wezipelerini çözmekde möhüm orun eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, Türkmenbaşy Halkara deňiz portynyň gurulmagy hem tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň esasy logistik halkasyna öwrülmegine gönükdirilendir. Geljekde bu portuň has netijeli ulanylmagy bilen, Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň täze derejä çykaryljakdygy hem-de Aziýa bazarlarynyň Ýewropa üçin elýeterliliginiň ýokarlandyryljakdygy şübhesizdir. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda Hazar deňziniň türkmen kenarynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ulanmaga berildi. Häzirki wagtda bu port öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan halkara derejedäki köpugurly terminaldyr. Onuň kuwwaty, hususan-da, Ýakyn we Orta Gündogaryň, Hindi ummanynyň deňiz ugurlary boýunça gatnawlary ýola goýmaga mümkinçilik berýär.

Şeýlelikde, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Gündogar Günbatar we Demirgazyk Günorta ugurlary boýunça yklymda iň iri ulag halkasy bolmak mümkinçiligine eýedir. Şunuň bilen baglylykda ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup, hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýär,  Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bitarap Türkmenistan bu ugurda umumy tagallalary utgaşdyrmakda BMG-niň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde amala aşyrylýan işlerde işjeň orny eýeläp, iri düzümleýin taslamalaryň başyny başlaýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde olary durmuşa geçirip, köp şahaly, utgaşykly ulag düzümini kemala getirmäge saldamly goşant goşýar. Geografik taýdan örän amatly çäkde Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Watanymyz ägirt uly üstaşyr kuwwata eýe bolmak bilen, ondan has netijeli peýdalanmaga çalyşýar.

Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Diýarymyzda awtomobil ýollarynyň gurulmagy, döwrebaplaşdyrylmagy we olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi üçin netijeli işleri dowam etdirmek wajypdyr. Ýurdumyzyň ulag-logistika kuwwatyny artdyrmak, awtomobil ýollarynyň, halkara ulag geçelgeleriniň ulgamyny ösdürmek Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda öňde goýlan möhüm wezipeleriň biridir. Şu ýyl ýurdumyzda Aşgabat Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen Mary bölegini işe girizmek göz öňünde tutulýar. Şeýle iri göwrümli gurluşyk maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bir hatarda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak işlerinde hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Häzirki wagtda Aşgabat Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy dowam etdirilýär. Bu awtoban Türkmenistanda amala aşyrylýan iň iri ulag taslamalarynyň biri bolmak bilen, onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr ulag gatnawlarynyň Aziýa Ýuwaş umman sebitine çenli uzap gidýän awtomobil ýollarynyň köpşahaly ulgamyna birikdirilmegini üpjün eder. Şeýlelikde, ýurdumyzda uzak aralyklara ýük daşalmagyny çalt hem-de oňaýly nyrhlar boýunça ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän awtomobil ýoly peýda bolar we ol sebit ykdysadyýetiniň okgunly ösüşine oňyn täsir eder.

Awtomobil ýollarynyň düzümini ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda geçirilýän toplumlaýyn işleriň çäklerinde Türkmenistany goňşy döwletler bilen birleşdirýän täze ýokary tizlikli awtobanlar we köprüler gurulýar, ulag binýadynyň üsti dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň häzirki zaman tehnikalary bilen yzygiderli doldurylýar, inženerçilik-kommunikasiýa ulgamlary doly täzelenilýär, ýol hereketi howpsuzlygynyň häzirki zaman ulgamlary we beýlekiler giňden ornaşdyrylýar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ulag ulgamynda durmuşa geçirýän syýasaty Türkmenistanyň bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak arkaly ýola goýup, ählumumy ösüşiň bähbidine işewür hyzmatdaşlygyň ygtybarly esaslaryny berkitmäge ýardam edýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ydysadyýetimiziň ulaglar ulgamyny ýokary derejä ýetirmekde edýän tagallalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyna uly goşant goşýar. Türkmen halkyny bagta ýetirip, bagtyýarlykda ýaşadýan, ulag we kommunikasiýa düzüminiň has-da kämilleşmeginde bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!

Şirguly ALLAMYRADOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Awtomobil ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Halypa mugallymy Röwşen HYDYROW.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.