Ýaşlar — ýurdumyzyň buýsanjy we geljegi
18-10-23
Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilip, ösen maglumatlar jemgyýetiniň şertlerine laýyklykda, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, bu ugra maýa goýumlar gönükdirilýär. Şeýlelikde, bilim ojaklary ylmyň iň soňky gazananlary, interaktiw-multimedia, kompýuter tehnologiýalary bilen doly derejede üpjün edilýär.
Türkmen ýaşlary islendik döwürde hem ylma, bilime yhlasly ýapyşýandyklary bilen aýratyn tapawutlanypdyrlar. Muny Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň akyly jöwher dek ýiti bolmalydyr. Çünki siz özüni taýsyz zehini bilen dünýä tanadan halkyň neslisiňiz!» diýen pähim-paýhasa ýugrulan sözleri hem äşgär edýär. Taryhy üstünliklere beslenýän 2023-nji ýyla hem iri jemgyýetçilik birleşiklerinde, zähmet toparlarynda, okuw mekdeplerinde, ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde geçirilen maslahatlarda ara alnyp maslahatlaşylan we halkymyz tarapyndan giňden goldanylan teklipler esasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip at berilmegi bu dowamatyň häzirki günlerde dowam edýändigini subut edýär.
Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan biz — ýaşlaryň kämil bilim almagymyza, döredijilikli zähmet çekmegimize, ata Watanymyza ak ýürekden hyzmat etmegimize uly mümkinçilikleri döredýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, onuň binýadynda tassyklanylan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaş nesilleriň ähli ugurda uly goldawa eýedigini görkezýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni-durmuş taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalary üstünlikli amal edilýär. Bu asylly işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda, mynasyp dowam etdirmek geljek nesle bagly bolup durýar. Şoňa görä-de, döwür ähli ulgamlar boýunça ýokary hünär ussatlygy bolan, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, ylymly-bilimli, watansöýüji hünärmenleri talap edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Watanymyzyň gülläp ösmeginde ýaşlar uly güýç bolup durýar. Muny Gahryman Arkadagymyz hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem yzygiderli nygtap, ýaşlara bil baglaýandyklaryny aýdýarlar. Ýurdumyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil bolmagy üçin ähli şertler döredilip, olara jogapkärli wezipeler ynanylýar. Çünki buýsanyp aýdyşymyz ýaly, ýaşlar – biziň şu günümiz, geljegimiz. Olaryň amala aşyrýan işlerinden döwrümiz, ömrümiz gülleýär. Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, olaryň ylym-bilime höwesini artdyrmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.
Biz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kämil paýhasynyň, durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatynyň netijesinde, bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eýesi bolduk. Bu döwletli döwrany peşgeş beren hormatly Prezidentimize ýaşlaryň alkyşy egsilmez.
Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksadaokgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalaryň ediljekdigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutany wezipesine girişen pursatynda hem belläp geçipdi. Ýaşlarymyz munuň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini ösüşlere beslenýän ajaýyp döwrümiziň bagtyýar günleriniň her bir pursatynda janly şaýatlary bolýar.
Mekan HAÝYTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň Önümçiligiň we tehnologiýa prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy hünäriniň 4-nji ýyl talyby.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.