TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ GÜNI
27-10-23
Türkmenistanda her ýyl oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen alabaýynyň gününi uludan belleýärler. Ýurdumyzyň çäklerinde geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde alabaý tohumyndaky itleriň taryhyna degişli gymmatly maglumatlar yzygiderli ýüze çykarylýar.
Marguşda gazuw-agtaryş işleri geçirilende itiň mazarlarynyň tapylmagy, gadymy türkmen alabaýlarynyň halkyň emlägini, döwlet serhetlerini goramakda aýratyn orun eýeländigini aňladýar. Gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan it süňkleriniň ölçegleriniň türkmen alabaýlarynyň beden gurluşynyň ölçeglerine laýyk gelmegi bu tohumdaky itleriň örän gadymydygyndan habar berýär.
Eýesine wepalylygy, garadan gaýtmazlygy, duýgurlygy, syzyjylygy, akyllylygy, tutuş maşgala agzalaryna hoşgylawlylygy, hojaýynynyň sesini eşidenden onuň näme isleýändigine düşünmegi türkmen alabaýlaryny tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklardyr. Ata-babalarymyz awa çykanlarynda, uzak ýaýlalara mal bakmaga gidenlerinde öýleriniň ýa-da goşlarynyň, düşelgeleriniň gapysyna gulp urmandyrlar. Olaryň yzynda wepadar goragçylary galypdyr, olara maşgalalarynyň howpsuzlygyny doly ynanypdyrlar.
Häzirki wagtda türkmen alabaýlarynyň şöhraty has alyslara gol ýaýratdy. Olaryň ähmiýeti täze derejelere ýetdi. Türkmen alabaýlaryna bolan gyzyklanma dünýäde hem ep-esli artdy. Kinolog hünärmenler alabaýlaryň iň gowy tohumynyň hut Türkmenistandadygyny ykrar edýärler.
Aşgabat Aziadasynyň şekiline öwrülen gyrmyzy donly, ak telpekli Alabaý gadymy oguz nesliniň mähirlilik, myhmansöyerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk, ruhubelentlik ýaly mukaddes ruhy yörelgelerini dünýä wagyz etdi. Türkmen alabaýynyň merdanalyk, hüşgärlik, başarjaňlyk, gaýduwsyzlyk wepalylyk ýaly häsiýetleri bolsa türkmen türgenlerini ýeňişden-ýeňşe ruhlandyrdy.
Eziz MAŞYRYKOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.