Sanly ykdysadyýetde tehnologik özgertmeler
06-12-25
Häzirki döwürde ýurdumyz örän uly tehnologik ösüşi başdan geçirýär. Munuň özi Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şonda öňdebaryjy düzüm böleklere ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynda, ýerlerdäki işleriň kompýuterleşdirilmeginde iň oňat dünýä tejribesiniň özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Sanly ykdysadyýet dünýäde innowasiýalaryň bäsdeşlige ukyplylygyna we ykdysady ösüşe möhüm itergi beriji güýç hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar. Özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna giň mümkinçilikleri döredýän sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy maglumatlaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligine esaslanýan aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşmegine bagly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň tassyklan we üstünlikli durmuşa geçirýän «Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzyň tehnologik taýdan durnukly ösüşiniň möhüm guralydyr. Şeýlelikde, ýerli serişdeler we önümçilik kuwwatlyklary esasynda ykdysady ösüş yzygiderli ilerledilýär. Ähli pudaklara häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň möhüm şertleriniň biridir.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, innowasiýalar diňe bir tehnologiýalary ornaşdyrmaga däl, eýsem, ähli ugurlaryň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyna esaslanýar. Munuň özi milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de ösüşiniň esasy ugruny kesgitleýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan oýlanyşykly, giň gerimli döwlet syýasaty bilen baglylykda, bu ulgamy düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Soňky ýyllarda “Aragatnaşyk hakynda”, “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Maglumat we onuň goraglylygy hakynda”, “Kiberhowpsuzlyk hakynda”, “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilendigini bellemelidiris. Sanly ykdysadyýetiň işjeň ornaşdyrylmagy bu ugurda ýokary derejeli, öz hünärinden kämil baş çykarýan hünärmenleriň taýýarlygyna bolan möhüm talaby hem öňe çykarýar.
Täze tehnologiýalaryň özleşdirilmegi netijesinde ýurdumyz dünýäniň sanly giňişligine işjeň goşulyşýar, halkara bazarda bäsdeşlige ukyply önümçilikler işe girizilýär. Milli Liderimiziň dördünji senagat rewolýusiýasy eýýamynda ýaşlarymyzyň innowasion barlaglara işjeň gatnaşmalydygy, täze tehnologiýalary döretmelidigi hakyndaky sargytlaryndan ugur alnyp, ýokary okuw mekdebimizde olaryň sanly innowasiýalar dünýäsinde kämilleşmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ýerde «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýeti hereket edýär. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary, talyplary, ýaş alymlary hem-de ýaş hünärmenleri bu ýerde innowasion şäher, sanly bilim, söwda we hyzmatlar ulgamy, maglumat hem-de kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça programma üpjünçilikleridir taslamalaryň üstünde işleýärler. «Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň derwaýyslygyna, ideýasynyň özboluşlylygyna, tehnologik çözgüdine, innowasion täzeçilligine we beýleki aýratynlyklaryna ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmakda, maglumat merkezleriniň işini kämilleşdirmekde, «akylly» şäher bilen baglanyşykly tehnologiýalary ösdürmekde ýurdumyzyň bilim ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belleýär. Şunda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmalydyklaryny, olaryň ylmy işlerini peýdalanmak üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtaýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyk işlerinde, bilim ulgamynda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny özleşdirmek we täzeçil usullary ornaşdyrmak boýunça giň möçberli çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde, ähli ýerlerde diýen ýaly «akylly» şäher konsepsiýasyna aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplarynyň «E-mekdep», «Onlaýn market», «Wirtual himiýa tejribehanasy», «Elektron test ulgamy», «Zehinlije», «Binalaryň 3D görnüşli şekili», «Interaktiw kitap», «Ylham seýilgähine wirtual syýahat», «Aşgabat şäheriniň awtobus ugurlary», «Awtomatlaşdyrylan awtoduralga», «Akylly» öý ulgamy», «Innowasion şäherde AI taslamalaryny ornaşdyrmak», «Wideo ýazgylaryň kömegi bilen şahsyýetler barada maglumat almak», «Onlaýn görnüşde «Bilim» žurnalyna abuna ýazylmak», «Çagalar baglaryna onlaýn resminama tabşyrmak», «Çagalara 4 dilde elipbiý öwretmek», «Kafe», «Dünýä dillerini öwrediji programma üpjünçiligi», «Söwda we hyzmatlar ulgamyny awtomatlaşdyrmak», «Tiz kömek» ulgamy», «Elektron hasabat ýöretmek üçin programma», «Maglumatlar», «Reýting programma üpjünçiligi» ýaly taslamalary yhlasly gözlegleriň miwesidir. Şulardan görnüşi ýaly, institutymyzda talyp ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, talyplary ylmy we taslama işlerini ýerine ýetirmäge çekmek, innowasion tehnologiýalary okuw işlerine giňden ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.
Bilim ojagymyzda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak, maglumat ulgamlaryny netijeli dolandyrmak, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly dürli meseleleri öz içine alýar. Giň gözýetimli, Watana wepaly ýaşlary ýetişdirmekde döwrebap mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Aýsoltan MUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.