TÜRKMEN GÖWNI BEDEWDEDIR
24-04-22
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň gadymdan gelýän atçylyk pudagy barha ösdürilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe at üstündäki oýunlar hem sportuň pajarlap ösýan görnüşleriniň birine öwrüldi. Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda umumadamzat bähbitli haly, bedew, alabaý iti ýaly naýbaşy gymmatlyklary döredipdirler. Şol gymmatlyklaryň biri-de türkmeniň uçar ganaty, toýly günde göwün hoşy, şowly günde baş ýoldaşy, gözelligiň göwher gaşy bolan behişdi bedewlerimizdir. Ýyndamlykda, çydamlylykda, wepadarlykda tanalýan, aýlawlarymyzyň, toý-dabaralarymyzyň bezegi, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan bedewlerimiz bu günki gün uly şan-şöhrata eýedir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen eziz Diýarymyzda atçylygy ösdürmegiň döwrebap maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, welaýat merkezlerinde uly atçylyk toplumlary guruldy. Häzirki wagtda gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Ahalteke atçylyk ýokary okuw mekdebiniň hem-de Ahalteke atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň gurulmagy atçylygy ösdürmek üçin hünärmenleri taýýarlamakda we bu ugurda ylmy barlaglary alyp barmakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.
Milli Liderimiziň: “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyzdyr”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapada” atly kitaplarynda ahalteke atlarynyň gelip çykyşy, olaryň taryhy ösüş ýoly, ýyndamlygy, gözelligi, çydamlylygy barada gyzykly maglumatlar öz beýanyny tapýar. Türkmen bedewleriniň özboluşly ensiklopediýasy bolan bu kitaplarda ahalteke atlaryny kemala getirmek we onuň özboluşly tohumyny saklamak babatynda türkmen halkynyň çeken zähmeti, siňdiren yhlasy we zehin-gaýraty barada beýan edilýär. Alym Arkadagymyzyň bu kitaplary halkymyzyň buýsanjy bolan atçylygy ösdürmek, onuň gadymdan gelýän milli däplerini dowam etdirmek we saklamak, hem-de häzirki döwürde atçylyk ulgamynda alnyp barylýan uly işler hakynda beýan edilip owadan suratlar bilen bezelip halkymyza ýetirilmegi has-da buýsandyryjydyr.
Gahryman Arkadagymyz: “Atda wepa-da bar, sapada” atly kitabynda “Käteler Gorkut atanyň ylym-bilim gymmatlygy hökmündäki ömrüniň dowamlylygy barada pikirlenýärin. Şonda onuň çeper keşbiniň adamyň ruhy önümi bolup, asyrlar boýy syntgylanandygyny duýmak bolýar. Gorkut atanyň “Bedew atyň ýörgür bolsun!” diýen arzuw-dilegi halkymyzyň has gadymy döwürlerde ajap zamanalara ýetmeginiň taryhy ymtylşyna, öňe gidişikli ýaşaýşa, bedewli bolmagyň döwletlilik hasap edilýändigi hakyndaky ynamyna laýyk gelýär. Bu “bedew” sözüniň ähli manylarynda alnanda hem dogrudyr. Onda sungatyň adamy gözel ýaşaýşa ündeýän uly güýji duýulýar.” diýip belleýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan üstünlikleri has-da buýsandyryjydyr. Türkmen jigitleri at üstündäki milli oýunlary, çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirip birnäçe bäsleşikleriň ýeňijileri bolup ata Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende göterýärler.
At münmek, atçylyk sportuny ösdürmek sagdynlygyň we ruhubelentligiň girewi bolup durýar, ýurdumyzda sportuň ösdürilmegi ýaşlarda çalasynlygy, dogumlylygy, edermenligi terbiýeleýär. Arkadagly Serdarymyz hem atçylyk sportuny ösdürmek babatda uly tagallalar edýär. Atçylyk sporty – ata doly düşünmegi we çapyksuwaryň bedew bilen bilelikde hereket etmegidir. Bu umumy düşünje bolup, at üstünde geçirilýän sport oýunlarydyr. At bilen çapyksuwaryň sazlaşykly hereket etmegine getirýär. Atçylyk sporty görnüşiniň biri hem “konkur” bolup durýar. Ata Watanymyzda atçylyk sportuna ünsüň güýçlenmegi, at üstünde oýnalýan milli sport oýunlaryň täzeden dikeldilmegi bolsa halkymyzyň şatlygyna şatlyk goşýar.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde 2010-njy ýylyň awgust aýynda “Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy” döredildi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda 12 ýyl dolýän bu Assosiasiýanyň esasy maksady, ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak, daşary ýurtlarda arassa ganly atlaryň hasaba alnyşyna gözegçilik etmek, genofonduny gorap saklamak we ahalteke atlarynyň naýbaşylarynyň baş sanyny köpeltmek bolup durýan halkara jemgyýetçilik guramasy bolup durýar. Assosiasiýanyň döredilmegi atçylyk pudagynda beýleki döwletler bilen özara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de ahalteke bedewlerimiziň halkara abraýyny dünýa ýaýmaga giň ýol açýar. Bu Assosiasiýanyň agzalary türkmen atlarynyň at-abraýyny dünýä ýaýmak, dünýä ýurtlarynda ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirýän atşynaslaryň, hünärmenleriň, edara görnüşli taraplaryň işini utgaşdyrmak, ahalteke bedewleri baradaky maglumatlary toplamak, bu ugurda halkara maslahatlary we sergileri guramak boýunça giň gerimli işleri alyp barýarlar.
“Atçylyk we atly sport hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen atçylyk sportuny ösdürmegiň mümkinçilikleriniň hukuk binýady has-da pugtalandyryldy. Bu kanun atçylygy, atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de Türkmenistanda arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilendir, şeýle hem atlary ösdürip ýetişdirilen, köpeldilen we ulanylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Atçylyk we atly sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň maksatlary atçylykda tohumçylyk işini gowulandyrmak, halkara genofonduna girýän atlaryň milli tohumlarynyň tohum özenini gorap saklamak, atlaryň tohumyny köpeltmek we kämilleşdirmek üçin hukuk kepilliklerini döretmek ýoly bilen atçylygy ösdürmek, Türkmenistanda atly sporty ösdürmek we ýaýratmak, şeýle hem atly sportda ýokary netijeleri gazanmak bolup durýandygy bellenilýär.
Umuman, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiziň belent ösüşleriniň badyna deňelýän bedewlerimiz halkymyzyň guwanjydyr. Ahalteke bedewlerimiziň şan–şöhratyny belende göterýän Arkadagly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan işleri üstünliklere beslensin!
Guwanç ANNASAPAROW,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalarynyň we programmirleme fakultetiniň mugallym öwrenijisi.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.