SANLY BILIM ULGAMY — ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
02-10-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge, ýaşlara hünär öwredilişini dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejä çykarmaga uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan bilim syýasatynyň we düýpli bilim özgertmeleriniň netijesinde milli bilim ulgamy güýçli depginler bilen ösdürilýär, ýaş nesle bilim-terbiýe bermek we hünär öwretmek işi barha kämilleşýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň iň döwrebap ugry sanly ulgam bolup durýar. Sanly ulgam ösüşiň giň mümkinçiliklerine eýe bolup, hünärmenler tarapyndan saýlanyp alynýar. Bu ugurda uly işleriň amala aşyrylandygyny hem bellemek gerek. Esasan hem kämil hünärmenler taýýarlanyp, işiň sazlaşykly ýola goýulmagy üpjün edilýär. Bu bolsa sanly ulgamyň geljekde hem dowamly ösdüriljekdigini beýan edýär.
Ýaşlara bilim bermegi ylmy esasda guramak, okatmagyň häzirki zaman kämil usullaryny ornaşdyrmak, mugallymlaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy üçin halkara derejeli bilermenler bilen bäsleşmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamak ugrunda durmuşa geçirilýän işler, zehinli ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň döwrebap bilim almaga döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleriniň miwesidir.
Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» milli ykdysadyýetimizi innowasiýa ösüş ýoluna geçirmek işini çaltlandyrmaga, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamy, elektron resminamalar dolanyşygyny giňden ornaşdyrmaga ýardam berýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde kompýuterler, multimediýa enjamlary, lingafon otaglar, internet ulgamy hereket edýär. Bu bolsa, özgezeginde, işleriň göwnejaý guralmagyna, wagtyň tygşytlanmagyna, islendik wagtda birnäçe ugra degişli maglumatlary çalt tapmaga mümkinçilik döredýär. Internet torunyň üsti bilen döredilen maglumat portallarynda her adam özüne gerekli maglumatlardan peýdalanyp bilýär. Her ýyl mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlar halkara internet ýaryşlarynyň bir näçesine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu bolsa ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmäge berilýän ünsüň has-da ýokarlanýandygyna, sanly ulgamyň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen, täze zehinleriň ýüze çykýandygyna şaýatlyk edýär.
Sanly bilimi ösdürmekde degişli ulgamda zähmet çekýän mugallymlaryň hem-de olardan bilim alýan ýaşlaryň kompýuter sowatlylygynyň ýeterlik bolmagy zerurdyr. Hut şonuň üçin “Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” ähmiýetini, sanly ulgamy durmuşa geçirmegiň ýörelgelerini düşündirmek maksady bilen, hünärleriň okuw meýilnamalaryna “Sanly ykdysadyýet” dersi girizildi. Ýokary okuw mekdeplerinde sanly ykdysadyýet bilen bagly okuw derslerini okatmak üçin häzirki zaman multimediýa serişdeleriniň, okuw-görkezme esbaplarynyň, döwrebap abzallaşdyrylan okuw otaglary bilen üpjünçiliginiň ýeterlik derejede bolmagy, ýokary tizlikli internetiň hem-de sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen göni aragatnaşykda bolan teleköpriniň yzygiderli hereket etmegi, kafedralarda ýokary bilimi we baý tejribesi bolan ýokary derejeli mugallymlaryň sanynyň ýeterlik bolmagy, bu ugurda okuwlaryň ýokary derejede geçirilmegine doly mümkinçilik berýär.
Döwlet tarapyndan bilim ulgamynda alnyp barylýan döwrebap işler ýaşlaryň bilimler ummanynyň çuňluklaryna ynamly aralaşmaklarynda, beden taýdan sagdyn, ahlak babatda arassa adamlar bolup ýetişmeklerinde aýratyn orun tutýar.
Ähli ösüşleriň açarynyň ylymly-bilimli nesildedigini, ýagny adam güýjüni, aňyny ýerlikli peýdalanmakdygyny her ädimde görýäris. Dünýäniň ösen döwletleriniň ýeten sepgitleri bilen aýakdaş gitmek üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Şirin REJEPOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.