TÜRKMEN HALKYNYŇ BEÝIK AKYLDARY
08-11-23
Gündogar edebiýatynda özüniň ajaýyp döredijiligi bilen öçmejek yz galdyran beýik akyldarlaryň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Beýik şahyryň şygryýet dünýäsinde türkmen halkynyň durmuşy öz aýdyň beýanyny tapypdyr. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary durmuşda dogry ýoly salgy berýän özboluşly ýol-ýörelgedir.
Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi. Şol ýylda geçirilen dabaralardyr maslahatlar we köp sanly çäreler hem-de türkmen nusgawy şahyrynyň eserleriniň dünýäniň halklarynyň köpüsiniň dillerine terjime edilmegi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň buýsanjy bolan beýik söz ussadynyň şahsyýetine we mirasyna gyzyklanmany artdyrdy. Mundan başga-da, şahyryň dogduk mekanynda, onuň adyny buýsanç bilen göterýän etrabynda Magtymguly Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumynyň hem-de muzeýiň açylandygyny guwanç bilen bellemelidiris. Şeýle hem milli Liderimiziň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi hem türkmen halkynyň beýik akyldar şahyrynyň dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegine uly goşant bolar.
Magtymguly Pyragy özüniň jöwher paýhasyny siňdiren şygyrlarynda ynsanperwerlige uly üns beripdir. Akyldar beden sagdynlygyny, güýçlüligi mert ýigidiň zerur sypatlarynyň biri hasaplap, öz döwrüniň mert, batyr ýigitlerini wasp edipdir. Magtymguly Pyragy durmuşyň agyr pursatlarynda ejizlemän, oňa mertlik bilen döz gelmelidigini, göreşmelidigini ündeýär. Şahyryň dünýä hakyndaky oýlanmalary ähli çuňlugy we danalygy bilen döredijiligine siňipdir. Ol öz ykbalyny bagyş eden işinde belent derejelere ýetip, öz döwrüniň ussat şahyry hökmünde halkyň söýgüsini gazanypdyr. Watansöýüjilik temasy beýik şahyryň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyr hakyky watançylaryň halkyň içindedigine düşünýär, şonuň üçin hem ol Watanyň üstüne howp abanan wagty, olara ýüz tutup, iliň-günüň ar-namysyny gorap saklamaga bütin türkmen halkyny çagyrýar. Magtymgulynyň «Türkmeniň», «Gürgeniň», «Gökleň», «Türkmen binasy», «Ili gözlär», «Bilinmez» ýaly ençeme goşgulary onuň watansöýüjiliginiň belent mertebesini görkezýär.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýygyndysy dünýäniň köp dillerine, şol sanda türk, rus, iňlis, azerbaýjan, arap, ermeni, belarus, gazak, özbek, täjik, gruzin, ukrain, hytaý, ýapon, rumyn we beýleki dillere terjime edildi.
Şeýle hem häzirki zamanyň sanly tehnologiýalarynyň üsti bilen şahyra degişli ähli maglumatlary özünde jemleýän ilkinji gezek “Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny” döretmek; sanly we neşir görnüşindäki “Magtymguly Pyragy diwanyny” taýýarlamak; türkmen şahyrynyň şygyrlaryny dünýäniň dürli dillerine terjime etmek hem-de olaryň tanyşdyrylyş dabaralaryny, kitap sergilerini, döredijilik duşuşyklaryny geçirmek, ylmy-barlag işlerini taýýarlamak meýilleşdirildi.
Balkan TAGANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.