MILLI YKDYSADYÝETIMIZ KÄMILLIGIŇ ÝOLUNDA

07-05-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ynamly ösüş ýoluny dowam etdirýär. Döwletimizde birnäçe il-ýurt bähbitli maksatnamalar kabul edilýär we olaryň kanunçylyk binýady barha berkidilýär.

Muňa mysal edip, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», «Türkmenistanda 2026-2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny», şeýle hem Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça elektron senagatyny döretmek maksatnamalaryny görkezmek bolar.

Ähli durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň düýp manysy ýurdumyzy ykdysady taýdan senagatlaşan kuwwatly döwlete öwürmekden, şol sanda dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürip, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny düýpli artdyrmakdan hem-de ýurdumyza gelýän gyzyl pullaryň möçberini köpeltmekden, şeýle-de ilatyň iş bilen üpjünçiligini talabalaýyk ýola goýmakdan ybaratdyr. 

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele geldi. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagy bilen bir hatarda halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny hem şertlendirdi. Muny ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän dürli maksatly binalaryň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde gurulýan beýik binalar, täze-täze desgalar, ýaşaýyş jaýlary — bularyň hemmesi ykdysady ösüşimiziň örän ýokarydygynyň görkezijisidir. Gurýan, döredýän we ynamly öňe barýan ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklar, bina edilen desgalar ilkinji nobatda halkyň bähbidine gönükdirilýär. Çünki Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanda adamyň bagtyýar durmuşy, halkyň abadançylygy baş wezipeleriň biridir.

Sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly kärhanalary üýtgedip gurmak ykdysadyýetimiziň täze durkuny döretmek üçin esas bolmagynda galýar. Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmegine esasan, üpjünçilik ulgamy (internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi, telearagatnaşyk), elektron işewürligi (hojalyk işini kompýuter torlary arkaly dolandyrmak) we elektron söwda ýaly üç ugruň berjaý edilmegi zerurdyr. Munuň üçin hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda zerur şertleriň bardygyny we sanly ykdysadyýete geçmekligiň hemmetaraplaýyn ýokary derejede alnyp barylýandygyny belläp geçmek maksadalaýykdyr.

Garaşsyz döwletimiziň bank ulgamynda hem sanly ulgamy ýola goýmak işleri yzygiderli dowam etdirilýär. Bank hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini ilata hödürlemek bilen ýurdumyzyň täjirçilik banklary nagt däl hasaplaşyklaryň ösdürilmegine, raýatlaryň ulanylman duran pul serişdeleriniň bankyň goýumlaryna çekilmegine hem-de pul dolanyşygynyň çaltlanmagyna ýardam berýär. Täjirçilik banklarynyň işlerini kämilleşdirmegiň geljegi bank kartlarynyň üsti bilen, hususan-da, internetiň ulanylmagy esasynda «Internet banking» we «Mobil banking» bank hyzmatlarynyň amala aşyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. Häzirki günlerde bu hyzmatlardan peýdalanyjylaryň sany günsaýyn artýar. Raýatlarymyz bu hyzmatlaryň üsti bilen berlen karzlaryň, şol sanda ipoteka karzlarynyň esasy bergilerini we göterimlerini, öýjükli aragatnaşyk, internet, IP-telewideniýe, Aşgabat şäher telefon ulgamynyň hem-de jemagat hojalygy hyzmatlary üçin tölegleri özbaşdak geçirip bilýärler. Mundan başga-da, degişli internet sahypalarynyň kömegi bilen ýurdumyzda howa, awto we demir ýol ýolagçy gatnawlary üçin elektron peteklerini «Altyn Asyr» bank kartlary arkaly onlaýn satyn almaklyk ýola goýuldy.

Milli Liderimiziň oýlanyşykly döwlet syýasatynyň esasynda, ýurdumyzda ýokary tehnologiýalara esaslanan sanly ykdysadyýeti doly kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Aýlar ÝAZMURADOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiyasynyň magistranty.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.