SYLAGLARYŇYZ GUTLY BOLSUN, GAHRYMAN ARKADAGYMYZ!
17-05-22
Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Alym Arkadagymyzyň başlykly etmegi halkara forumyň abraýyny barha artdyrdy. Ozal habar berlişi ýaly, halkara foruma Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow wekiliýetleriň ýolbaşçylaryna we agzalaryna giriş sözi bilen ýüzlenip, hemmeleri Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda tüýs ýürekden mübärekledi hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlygy gyzyklanma bilen garşylandy. Bu bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň parahatsöýüjilikli, ynsanperwer syýasaty ýer ýüzünde barha dabaralanyp ähli halkymyz, şol sanda bagtyýar halkymyz üçin nusgalykdygyny ýene bir ýola aýan etdi. Alym Arkadagymyzyň Bitaraplyk içerki durnuklylyk, jemgyýetçilik ylalaşygy we ösüşi ilerletmekde öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzyň dünýä derejesindäki abraýy barha ýokarlanýar.
Iri halkara forumyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşulular Geňeşiniň «Hormatly aksakgal» altyn ordeni, «Ýer ýüzünde parahatçylygy üçin» milli baýrak hem-de «Ulu türk» altyn ordeni, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli döredilen «МПА СНГ. 30 лет» ýubileý medaly we olara degişli şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy bagtyýar halkymyzyň buýsanjyny has-da goşalandyrdy. Munuň özi hem mähriban Arkadagymyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň netijesinde amala aşyrýan halkara başlangyçlary bagtyýar raýatlarymyzy belent üstünliklere alyp barýandygyny ýene bir ýola subut etdi.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze taryhy, durmuş-ykdysady ösüşde gazanylan üstünlikler, ýurdumyzyň artan halkara abraýy döwlet eziz Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň beýik işleri bilen üznüksiz baglydyr. Mähriban halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda asuda asmanymyzyň astynda agzybirlikde, dünýä döwletleri we halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynda ýaşaýar, zähmet çekýär, gurýar we döredýär.
Hawa, eziz Arkadagymyzyň oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty ýöretmegi netijesinde bu döwürde Türkmenistan dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşuldy, parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde bütin dünýäde giňden ykrar edildi. Munuň özi halkymyzda guwanç we buýsanç duýgularyny döredýär.
Jemgyýetimizde syýasy durnuklylygyň we agzybirligiň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin amatly daşarky şertleriň üpjün edilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň gazanan beýik üstünlikleriniň biridir. Arkadagly Serdarymyzyň döredijilikli ugry we öňe sürýän möhüm başlangyçlary dünýä giňişliginde giň goldawa eýe bolýar hem-de ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da artmagyna ýardam edýär.
Milletimiziň Bitaraplyk taglymatynyň esasynda urp-adatlarymyzy, däp-dessurlarymyzy, milli mirasymyzy, onuň ylalaşykly, parahatçylyk söýüji, oňşukly, asudalygy wagyz ediji mähriban Arkadagymyza şeýle ýokary döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy hoşniýetli oňyn Bitaraplyk derejämiziň has-da dabaralanýandygyna ýene bir ýola şaýatlyk edýär.
Pursatdan peýdalanyp Gahryman Arkadagymyzyň ýokary döwlet sylaglary bilen gutlaýarys. Ýurdumyzyň halkara abraýyny arşa göterýändigi, baky Bitaraplyk syýasatyny has-da dabaralandyrýandygy üçin alym Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.
Orazmuhammet KAKYŞOW,
Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.