ÇEPER SÖZÜNIŇ USSADY
13-11-23
Çeper sözüň ussady Pyragynyň edebi mirasyny dürli tarapdan seljeren Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň şahyryň çuň paýhasa ýugrulan şygyrlarynyň öz ugurlary bilen mynasybeti baradaky ululy-kiçili makalalary şu ýygyndynyň düzülmegine itergi berdi. Makalalarda Magtymguly Pyragynyň ömri, döwri, eserleri hem dünýägaraýşy taryh, dil, edebiýat, pelsepe hem tebigy ylymlar nukdaýnazaryndan derňelip, ygtybarly deliller arkaly gyzykly maglumatlar berilýär.
Magtymgulynyň diňe bir halkyň, milletiň däl-de, tutuş adamzadyň manyly hem parahat ýaşaýşynyň kepili bolan dostluk, doganlyk, ula hormat, kiçä söýgi, Watany, ene topragy, milletiňi janyňdan ileri tutmak ýaly ahlak gözelliklerinden söz açýan şygyrlarynyň tematik özboluşlylygy-da makalalaryň birnäçesinde öz beýanyny tapypdyr. Şeýle-de ýygyndyda şol şygyrlaryň ýazylan wagtyndaky taryhy şertler, has takygy, şahyryň ýaşan galagoply döwri hem-de onuň taryhy şahsyýetler bilen mynasybeti, türkmen halkynyň agzybirligi, jebisligi ugrundaky göreşlerini beýan edýän işlere-de orun berlendir.Magtymguly Pyragynyň 1000-den gowrak goşgulary bar. Olardan:
Bu gün
Dogdy asmanyn Zöhresi,
Çyn asyga döwran bu gün.
Açyldy zemin lälesi,
Üsbu dünýä reýhan bu gün.
Her saýranda seýda bilbil,
Öwsün atar, öwüsip gül,
Asyk bolsan, muny ýat bil,
Magsuk sana gurban bu gün.
Til senuber sekeristan,
Älem-jahan gül-gülüstan,
Goýnun içre biten bostan,
Goç ýigitler bagban bu gün.
Gülsen içre girer bolsan,
Gül dessesin tirer bolsan,
Menden habar sorar bolsan,
Toty güftar zyban bu gün.
Daglar basyn ümür basan,
Jülgesinde güller ösen,
Her deminde namart gysan
Adyl sahdan perman bu gün.
Dowamatdyr il merdine,
Awun bermez sir gurduna,
Çyn asygyn ol derdine
Pyragydan derman bu gün.
Hasar dagyndadyr
Hasar dagy beýik bolar,
Üsti doly keýik bolar,
Mergenlere seýik bolar,
Barsan, Hasar dagyndadyr.
Kuh erer ýerin soltany,
Göwsünde gurmus dükany,
Üç ýüz altmys pir mekany
Görsen, Hasar dagyndadyr.
Mesgen tutar çarwadarlar,
Ýalçysynda ýatar marlar,
Deresinde biter barlar,
Tirsen, Hasar dagyndadyr.
Pelenler çyrpynyp çykan,
Boz marallar gyýa bakan,
Serkemerdir — derin döken,
Ýörsen, Hasar dagyndadyr.
Goşgulary we beýlekileri mysala getirmek bolar.
Mähri KAKABAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Geodeziýa kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary
Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.