PÄHIM-PAÝHAS UMMANY - MAGTYMGULY PYRAGY

22-12-24

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň baý hem–de şöhratly taryhy we medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillerimize ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekde olaryň ähmiýeti örän uludyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda taryhy we medeni mirasy goramak, öwrenmek we ýaş nesillere ýetirmek, şeýle hem giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ady äleme dolan ussadyň sözleri we pelsepewi pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny hem-de watançylyk ruhuny belende galdyryp, diňe milli däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Häzirki döwürde Magtymgulynyň goşgulary Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň halk bitewüliginiň, parahatçylygyň, agzybirligiň joşgunly senasy bolup ýaňlanýar. Şahyryň ynsanperwer pikir-garaýyşlary asyrlar geçse-de, gymmatyny ýitirmeýär.

Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň il-günümize galdyryp giden şahyrana hazynasyny ylmy esasda seljermek, onuň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin türkmen alymlary tarapyndan uly işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde beýik akyldaryň şygyrlary giňden öwrenilýär, onuň baý many-mazmuny gazet-žurnallaryň, teleradioýaýlymlarynyň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär. Aýratynam, akyldar şahyrymyzyň baryp XVIII asyrda aýdan nesihatlary, öwüt-ündewleri bu gün ýaşlarymyzyň uly durmuş mekdebine öwrüldi.

Magtymguly Pyragy özüniň ajaýyp şygyrlarynda türkmen halkyny birleşdirmek, halkyň agzybirligini gazanmak, Watany goramak hem söýmek, adamlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, adalatlylyk üçin göreşmek, ynsany bezeýän ahlaklylyk, ynsanperwerlik, kanagatlylyk, gara nebse çapmazlyk, kişini ynjytmazlyk, edeplilik, sahylyk, mertlik, namartlyk, galplygy, ikiýüzlüligi ýigrenmek, husytlyk, zalymlyk, baýlyk, garyplyk, söýgi, maşgala wepalylyk, dünýäniň gurluşyna akyl ýetirmek, iman baýlygyny gazanmak, ykbal, takdyr ýaly juda köp meseleleri özüniň liriki gahrymanynyň keşbine örän uly ussatlyk bilen siňdirip, çeperçiligiň şirin-şerbetine ýugrup suratlandyrýar.

Magtymguly Pyragy adamlarda ýagşy gylyk-häsiýetleri, ahlak sypatlaryny terbiýelemek bilen jemgyýetçilik gatnaşyklarynda ýüze çykýan nogsanlyklary aradan aýyrmak bolar diýen netijä gelipdir. Şonuň üçin-de ol ynsany bezeýän, ony hakyky ynsan edýän, mertebesini beýgeldýän ähli ýagşy gylyk-häsiýetler hakynda söz açypdyr. Gowy gylyk-häsiýetleriň, ahlak sypatlarynyň döwürdeşlerinde we geljekki nesillerde bolmagyny isläpdir.

Watana bolan söýgi mährem enäniň ak süýdünden, dogan-garyndaşlardan, ene toprakdan, agzybirlikden, asudalykdan, ynsanperwerlikden, myhmansöýerlikden, ulyny-kiçini sylamakdan, «Bir suprada taýýarlanan aşdan», eziz çagalarymyzyň şadyýan gülkülerinden, gojalarymyzyň pähim-paýhasyndan, il-ýurt abadançylygyndan, sözlerinden başlanýar. Akyldar şahyryň XVIII asyrdaky oý-pikirleri, pähim-paýhasy biziň şu günki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolýar.

Häzirki döwrüň baş maksatnamalarynyň biri-de, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwletiň, jemgyýetiň we şahsyýetiň özara sazlaşykly ösüşini hukuk taýdan kepillendirmegi, raýat jemgyýetini gurmagy we ruhy-ahlak taýdan kämil, ýokary aň-düşünjeli we beden taýdan sagdyn şahsyýeti kemala getirmegiň üpjün edilmeginden ybaratdyr. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň maksatnamalaýyn başlangyçlaryndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda häzirki wagtda kämil raýat jemgyýeti kemala gelýär.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Sähetmyrat TÄÇMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýer gurluşygy we kadastrlar taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

169c969169252b.jpeg
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary

Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.


169b7957ac0225.jpeg
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.


1698ac322c0d63.jpeg
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  


MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.