Konstitusiýa - döwletimiziň hukuk binýady

16-05-26

Güneşli Diýarymyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi baýram hökmünde belläp geçmek däbe öwrüldi. Bu beýik sene her ýylyň 18-nji maýynda bagtyýar zamanamyzyň döredijikli ösüşlerini, döwletimiziň halkara abraýyny, Watanymyzyň barha ilerleýän ädimlerini şertlendirip, ýurdumyzyň her bir künjeginde  uly joşgun, belent buýsanç bilen bellenilip geçilýär. Şeýle çärelere bilim işgärleridir ýaş nesiller işjeň gatnaşýar. Konstitusiýa döwlet gurluşynyň esaslaryny düzýär, döwletlilik ýörelgelerimizi ulgamlaşdyrýar. Bu diňe bir jemgyýeti dolandyrmagyň, ony durnukly we asuda saklamagyň, ösüşe ugrukdyrmagyň hereketlendiriji güýji bolmak bilen çäklenmän, ol jemgyýetçilik syýasy ösüşiň täze basgançaklaryny meýilleşdirip, durmuşa geçirmegini üpjün edýär.

Türkmen halky öz köpasyrlyk taryhynda ençeme döwlet gurdy. Döwlet gurup, agzybir ýaşamak türkmen milletiniň özboluşly häsiýetleriniň biridir. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 34 ýyl dolýar. Munuň özi taryhy nukdaýnazardan, gysga möhletdir. Bu senäniň ähmiýeti ýurdumyzyň her bir raýaty üçin düşnüklidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasy türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşiniň hem-de kämilliginiň hukuk esasy bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklarynyň özgermegini şertlendirdi, döwlet-hukuk institutlarynyň mazmunyna, döwlet häkimiýetiniň guralyşyna üýtgetmeleri girizdi. Döwlet-hukuk institutlarynyň ewolýusiýasy düýpli özgerişlikleri bilen tapawutlanýar. Bu, aýratyn-da, döwlet häkimiýetiniň guralyşyny düzgünleşdirmek, kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet edaralarynyň ulgamyny gurmak we bölmek babatynda has aýdyňdyr. Türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň ösüşinde we kämilleşmeginde Konstitusion esaslar Türkmenistanyň çäginde has netijeli hereket etmegi üçin ykdysady, syýasy we durmuş ulgamlarynda düzülýär.

Türkmenistanda ýurdy ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatlarynyň oňyn netijelerini gazanmakda möhüm şert bolan döwleti dolandyryşynyň kämil ulgamyny döretmek meselesi esasy wezipe bolmagynda galýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň jar edilmegi demokratik we hukuk döwletini döretmäge girişilmegine mümkinçilik berdi. Özygtyýarly Türkmenistanyň Konstitusiýasy GDA döwletleriň arasynda ilkinji kabul edilen Konstitusiýadyr. Konstitusiýanyň kabul edilmegi hukuk esasynda demokratiýalaşdyrmak işleriniň giň gerim bilen öňe ilerlemegi üçin binýat boldy. Türkmen halky ata-babalarymyzyň ýoly bilen ýöräp, Konstitusiýada halk häkimiýetliliginiň öz nusgasyny saýlap aldy. Milli demokratiýa dünýä tejribesiniň gazananlaryny hem-de milli däpleri we aýratynlyklary özünde jemledi.

Konstitusiýa türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň uzak möhletli ösüşiniň esasy ýörelgelerini beýan edýär. Geljekde-de Esasy Kanunymyz Türkmenistanyň özygtyýarly we garaşsyz döwlet hökmünde mundan beýläk hasda pugtalanmagyna, möhüm durmuş-ykdysady özgertmeleriň geçirilmegine we tutuş ösüşine ýardam eder. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň raýatlarynyň konstitusion hukuklaryny üpjün etmäge yzygiderli üns berilmegi olarda jemgyýetçilik işjeňligine höwes döredýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy 34 ýylyň dowamynda biziň döwletimiziň ösüşini täze belentliklere göterdi, okgunly öňe barýan Garaşsyz döwletimizde syýasy asudalygy, halk bitewüligini mundan beýläk-de berkitdi. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň kanunçylyk-hukuk kepili bolup çykyş edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetiň ösüşiniň esasy bolup durýar. Bu gün hukuk we jemgyýetçilik durmuşynyň konstitusion-hukuk esaslaryny kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň hormatly Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýan çäreler syýasy we ykdysady durmuşy demokratiýalaşdyrmak, raýat jemgyýetini kemala getirmek we ösdürmek, ýurdumyzy dünýäniň hemmetaraplaýyn ösen demokratik döwletleriniň hataryna goşmak ýolunda Türkmenistanyň üstünlikli öňe gitmeginiň möhüm alamatyna öwrüldi. Geljek nesillerimiz üçin Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň Esasy Kanuny hökmünde syýasy, jemgyýetçilik we hukuk ulgamlarynyň ösmegine, kämilleşmegine ýardam berjekdigi, şeýle hem kämilleşdirilen döwletiň we jemgyýetiň türkmen nusgasynyň binýady bolup çykyş etjekdigi barada hiç hili şübhe ýok.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Näzik NOWRUZOWA,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary we programmirleme fakultetiniň 2-nji ýyl talyby. 

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.