Hasyl toýy - halkymyzyň buýsançly baýramy
13-11-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda asylly işler durmuşa geçirilýär we gözel diýarymyzyň her bir güni toý dabaralara beslenýär. Her ýylyň noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanda Hasyl toýy giňden we dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Hasyl toýy diýilende gahryman, edermen daýhanlarymyzyň maňlaý derini döküp, irginsizlik bilen yhlasly çeken zähmetleriniň miweleri göz öňüňe gelýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde döwlet derejesinde giň gerimde bellenilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir. Bu baýram merdana halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň beýanydyr. Ene topraga yhlasynyň we söýgüsiniň dabaralanmasydyr. Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr.
Daýhanlarymyzyň çekýän yhlasly, tutanýerli zähmeti netijesinde sahawatly türkmen topragynda oba hojalyk ekinleriniň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär, azyk howpsuzlygy üpjün edilýär. Garaşsyz ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça uly ösüşlere beslenýän häzirki ajaýyp döwrümizde bereketli türkmen topragynyň, edermen daýhanlarymyzyň zähmet ýeňişleriniň şanyna tutulýan Hasyl toýy halkymyzyň iň buýsançly baýramlarynyň biridir.
Häzirki döwürde uly maksatlary nazarlaýan maksatnamalaýyn işler esasynda ata Watanymyzda däneli ekinleriň, pagtanyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň, ir-iýmişleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär hem-de halkymyzyň rysgaly, her bir maşgala ojagynyň berekedi bolup saçaklarymyza dolýar.
Oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin ykdysady taýdan ýeňillikleriň döredilmegi we olaryň çekýän zähmetine mynasyp baha berilmegi ýurdumyzda daýhan zähmetine belent sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Bereketli türkmen topragyndan ýokary hasyl almagy başarýan edermen daýhanlarymyza halal zähmeti bilen baýamak, çekýän zähmetiniň hözirini görüp, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamak üçin geljekde-de döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler dörediler.
Güýzki hasyl ýygnamak döwri ekiş möwsümi tamamlanandan soňra, salkyn güýz şemaly adamlara türkmen topragynda toý tutulýan döwrüň – ertekili täsin agşamlaryň başlanýandygyny habar beripdir. Uzak ýylyň dowamynda çekilen ahyrly zähmetiň rehnediniň eşretli-lezzeti görülýän şol günler Jennetiň bir pursadyna deňelipdir. Şoňa görä-de, ýylyň bereketli hasylynyň şanyna tutulýan baýramy «Uly toý» diýip atlandyrypdyrlar.
Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan oba hojalyk pudagynda uly üstünlikler gazanylýar. Türkmen pagtaçylarynyň ýeňişli menzilleri ýurdumyzda bolup geçýän şanly wakalar bilen birlikde, ata Watanymyzyň şan-şöhratyny arşa göterýär.
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri netijesinde ýurduň oba hojalyk pudagy ýokary derejeli ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde we ähli welaýatlarynda Hasyl toýy ýokary derejede bellenip geçilýär. Hasyl toýunda datly gawundyr, garpyzlaryň, alýaňak almadyr narlaryň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümleriniň sergisi guralýar. Ýurdumyzyň aýdymçylary, sunagat ussatlary hasyl toýunyň şatlygyna şatlyk goşýarlar. Hasyl toýunda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dogduk topragymyzyň sahawatyny we türkmen halkynyň zähmetini, Watanymyzyň rowaçlygyny aýdyň görkezýän saçaklar giňden ýazylýar.
Şeýle toýlaryň ýygy-ýygydan geçirilip durmagy we dabaraly bellenmegi, oba hojalyk pudagynyň ösmegine badalga berýär hem-de daýhanlaryň ruhyny belende göterýär. Bu amala aşyrylýan işleriň we gazanylýan üstünlikleriň sakasynda hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary durýar.
Bahargül BEGMYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň Gurluşyk materiallary kafedrasynyň mugallymy.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.