Suw - bol hasylyň girewi

13-11-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen halkynyň her bir güni toýdyr-baýramlara, şanly  wakalara beslenýär.

Eziz Watanymyzda Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde döwlet derejesinde giňden bellenmegi örän çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki bu baýram halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň beýanydyr.

Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

Ýaşaýşyň we bolçulygyň gözbaşy bolan mukaddes suw tebigaty janlandyrýar, giň giden sähralarymyzy gülzarlyga hem-de bereket mekanyna öwürýär. Şonuň üçin hem suwuň gadyr-gymmatyny, sarpasyny belent tutan halkymyz asyrlar boýy onuň her damjasyny altyn dänesine deňäpdir. «Suwly ýer - gül, suwsuz ýer - çöl», «Suw ýygnanyp köl bolar, köp ýygnanyp - il» diýen ýaly ajaýyp nakyllary döredipdir. Bu bolsa türkmen halkynyň ýaşaýşyň gözbaşy hasaplanýan mukaddes suwa bolan garaýşyny aýdyň beýan edýär.

Suw – ýa­şaý­şyň çeş­me­si. Onuň or­nu­ny tu­tup bil­jek hiç zat ýok. Şol se­bäp­li su­wuň is­rip edil­mez­li­gi örän mö­hüm bo­lup dur­ýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalygy pudagynda oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri netijesinde ýurduň oba hojalyk pudagy ýokary derejeli ösüşlere eýe bolýar.

Suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmagyň möhüm şerti hökmünde suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyz ekerançylyk meýdanlaryny suwarmagyň hilini gowulandyrmak maksady bilen, suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekip, suw akabalarynyň arassalanylmagyny, ýerleriň talabalaýyk özleşdirilmegini hem-de olaryň şorlaşmagynyň öňüniň alynmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Hä­zir­ki wagt­da suw baý­lyk­la­ry­my­zy art­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, ony re­je­li peý­da­lan­ma­ga gö­nük­di­ri­len iş­ler hem al­nyp ba­ryl­ýar. Dam­ja­la­ýyn, ýa­gyş­la­ýyn we ýe­ras­ty su­wa­ryş usul­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy 30-40 gö­te­ri­me çen­li su­wy tyg­şyt­la­ma­ga, ekin­le­ri su­wuň bas­ma­gyn­dan we ýer­le­riň şor­laş­ma­gyn­dan go­ra­ma­ga hem-de te­kiz bol­ma­dyk ýer­le­ri gi­ňiş­le­ýin öz­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Türk­men hal­ky­nyň aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek üçin be­ýik iş­le­ri dur­mu­şa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de türkmen döwletiniň agzybir halkyny Hasyl toýy baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.   

Aýjemal ARTYKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.