YLYM — YGTYBARLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLY

25-10-26

Ata-babalarymyzyň paýhas eleginde elenip, biziň şu günlerimize gelip ýeten «Ylymly il ozar» diýen pähim häzirki döwrümizde ruhy gymmatlyklarymyzyň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Gurşunly kenek ýaly agramly, çuňňur many-mazmuny özünde jemleýän bu parasatly aýtgy bagtyýarlyk zamanamyzda has-da döwrebap ýaňlanýar. Bu paýhasyň süňňünde ylym-bilimiň uly ösüşleriň ýoly bilen röwşen geljege alyp barýandygy baradaky hakykat bar.

Hormatly Prezidentimiz ussat, başarjaň, kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipesini hemişe üns merkezinde saklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bina edilýän ýokary we orta okuw mekdepler kämil hünärmenleri taýýarlamaga döredilen giň mümkinçiliklerdir. Bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alyndy. Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige, bilime güýçli depginde ornaşdyrylýar.

Ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag edaralarynda açylan aspiranturalara, doktoranturalara, ordinaturalara dalaşgärleriň ýüzlerçesi kabul edildi. Olar häzirki wagtda ylmyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýarlar, özleri üçin döredilen şeýle ajaýyp mümkinçilikden peýdalanyp, öz ukypbaşarnyklaryny kämilleşdirýärler. Saýlap alan ugurlary boýunça ylym dünýäsiniň gizlin syrlaryna ynamly aralaşýarlar.

Olar ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny baýlaşdyrmaga we kämilleşdirmäge saldamly goşant goşjak ýaş alymlaryň hataryny artdyrýarlar. Şeýle hem orta mekdepleriň okuw meýilnamalaryna täze sapaklaryň, ýokary okuw mekdepleriniň meýilnamalaryna täze hünärleriň girizilmegi, talyp haklarynyň yzygiderli köpeldilmegi, okatmagyň interaktiw usullarynyň ýola goýulmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan ylym-bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan oňyn özgertmeleriniň netijesinde, Watanymyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar. Ýurduň ählumumy ykdysady ösüşleri döwletiň kuwwatlylygyny, halkyň ýaşaýyşdurmuş derejesiniň ýokarylygyny kesgitleýär. Ýurdumyzy ösüşleriň şa ýolundan ynamly öňe alyp gitmekde, ozaly bilen, ykdysady ugurlarda öňe sürlen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Ruhy gymmatlyklarymyzyň hatarynda mynasyp orny eýeleýän «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» diýen pähim häzirki döwrümizde hasda uly ähmiýete eýedir. Pederlerimiziň paýhas eleginden geçip, biziň şu günlerimize gelip ýeten bu parasatly aýtgy Ýer ýüzünde tutuş adamzat tarapyndan ykrar edilendir. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda kämil hünärmenler taýýarlanylýar, bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylýan üstünlikler ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarýar. Bu bolsa ata Watanymyzyň geljeginiň has-da aýdyň we röwşen boljakdygyna güwä geçip, biziň her birimiziň buýsançly başymyzy göge ýetirýär. Eziz Diýarymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ojaklarynyň täze binalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi Berkarar döwletimiziň bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyna aýdyňlygy bilen güwä geçýär.

Oskar GULATAROW,
Türkmenistanyň Telekomummunikasaýalar we informatika institutynyň Menejment we innowasiýa tehnologiýalar kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.