OBA HOJALYGYNYŇ ÖSÜŞINDE TEHNIKALARYŇ ORNY

18-11-23

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedow oba hojalygyny häzirki zaman tehnikasy bilen üpjün etmek hem-de olary netijeli ulanmak baradaky wajyp wezipeleri öňde goýdy. Ýurt baştutanymyzyň ýurduň ilatyny we senagaty oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmäge ýyldan-ýyla pudaklara berlen maddy serişdeleri rejeli ulanmaly, zähmet öndürijiligini has hem ösdürmeli, işleriň guramaçylyk taraplaryny we tehniki üpjünçiligini kämilleşdirmeli. Türkmenistanyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, dürli oba hojalyk tehnıkalaryny satyn almak ugrunda giň tagallalar edilýär.

Türkmenistanyň oba hojalygy gymmatly önümleri we çig mallary öndürýän möhüm pudaklaryň biridir. Olary öndürmek üçin howa şertlerini, ekinleriň we mallaryň görnüşlerini, öndürilen önümiň görnüşini we onuň göwrümini, hojalygyň ykdysady ýagdaýyny anyklamaly. Diýmek, geljekde bu pudakda işlejek hünärmenler, bu ugurdan okaýan talyplar ulanylýan tehnikanyň diňe gurluşyny bilmän, olary sazlamak we ideg işlerini geçirmegi hem-de ykdysady görkezijilerini hasaplamak usullaryny bilmelidirler.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen bazar-ykdysady gatnaşyklaryna geçmegi önümçiligiň çalt we durnukly ösüşini üpjün edýär. Şu döwürde oba hojalyk tehnikalarynyň dünýä bazarynda senagat toplumyny doly kanagatlandyrýan kysymlarynyň saýlanyp alynmagy we toplumlaýyn oba hojalyk önümçiliginde ornaşdyrylmagy zerurdyr. Bu işi amal etmek şu günki talyplaryň, ertirki ýokary bilimli oba hojalyk hünärmenleriniň paýyna düşýär. Türkmenistan oba hojalyk tehnikalaryny satyn almakda «John Deere» (ABŞ) we «CLAAS» (GFR) ýaly dünýä belli kompaniýalary bilen köp ýyllar bäri hyzmatdaşlyk edýär. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde agzalan kompaniýalaryň okuw merkezleri açyldy, olar talyplara ýokary derejeli bilim bermek we ýokary öndürijilikli tehnikany dolandyrmak başarnyklaryny öwretmek üçin oba hojalyk önümçiliginde ulanylýan häzirki zaman usullary barada giňişleýin bilim berýärler.

Oba hojalyk pudagyna ornaşdyrylýan döwrebap tehnikalardan baş çykaryp hem-de önümçilikde ulanyp bilýän kämil hünärmenleri ýetişdirmekde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde talyp ýaşlarymyza berilýän döwrebap bilimleriň, okuw tejribeleriniň ähmiýetiniň ýokarydygyny bellemek has-da ýakymlydyr. Talyplarymyzyň halypa mugallymlaryň ýolbaşçylyk etmeginde alyp barýan ylmy işleri oba hojalyk pudagynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, innowasion tehnologiýalardan netijeli we oňyn peýdalanmagyň usullary bilen baglanyşyklydyr. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we «John Deere International GmbH» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan ylalaşyga laýyklykda daşary ýurtly hünärmenler bu ýokary okuw jaýynyň oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň talyplaryna iň täze tehnologiýalary öwredýärler. Sanly telematika ulgamyny, ýurdumyzyň oba hojalygynda ulanylýan tehnikalaryň gurluşyny we işleýşini, olara tehniki hyzmatyň hem-de tehnikalary ulanmagyň aýratynlyklaryna aýratyn üns berilýär. Merkezde geçirilýän okuwlar milli ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagy üçin kärine ussat hünärmenelri taýýarlamagyň aýrylmaz bölegidir.

Ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Claas» kompaniýasynyň traktorlary, galla we pagta ýygyjy kombaýnlary, beýleki oba hojalyk tehnilkalary giňden ulanylýar. S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň ýanyndaky okuw merkezinde kompaniýanyň öndürýän tehnikalarynyň tehniki enjamlaryny, olara hyzmaty we tehnikalary ulanmagy jikme-jik öwrenýärler.Getirilýän täze tehnikalar ýurdumyzyň oba hojalygyny mehanizmleşdirmekde – täze ösüş depginlerini görkezýär. Ol tehnikalar gysga döwrüň içinde däne ekinleriniň, gowaçanyň, mekgejöweniň, gant şugundyrynyň, ýeralmanyň ösdürilip ýetişdirilmeginiň toplumlaýyn mehanizasiýasynyň doly amala aşyrylmagyny we başga ekinleriň mehanizmleşdiriş derejesini ýokarlandyrmagy üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

S.A.Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary «CLAAS» kompaniýasynyň hyzmat merkeziniň hünärmenleri bilen bilelikde ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda telematika ulgamyny ulanmak boýunça barlag synaglaryna gatnaşýarlar. «CLAAS» kompaniýasynyň täzelenen «TELEMATICS» meýdançasy hakyky wagt düzgüninde tehnikalaryň ählisine gözegçilik etmäge däl, eýsem ýerine ýetirilýän oba hojalyk işlerini resminamlaşdyrmaga hem mümkinçilik berýär. Maşyndan gelýän tehniki-ulanylyş we agronomik maglumatlar goşmaça çykdajysyz maglumatlar gorunda saklanylýar, işlenilenden soň gyzyklanýan taraplaryň ählisine: mülkdarlara, hyzmat gulluklaryna, tehnikany öndüriji kärhanalara iberilýär, bu bolsa olara öz telekeçiliginiň netijeliligini we maksada gönükdirilmegini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Oba hojalyk tehnikalary has ygtybarly degişli iş gurallary bilen doly üpjünlenen bolmalydyr. Biziň öňümizde şu günki we ertirki gerek boljak tehnikalary we tehnologiýalary esaslandyrmaklyk, önümçilikde ornaşdyrmak boýunça örän uly, yzygiderli işleri alyp barmaklyk durýar. Şeýle bütewi tehniki syýasaty alyp barmak diňe bir konstruktorlaryň däl, eýsem tehnologlaryň hem, maşynlaryň ulanylyşy boýunça inženerleriň hem işi bolmalydyr. Ekerançylyga döredijilikli çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagy uly ähmiýete eýedir. Bu çemeleşmelere meýdanlaryň elektron kartasy, takyk meteomaglumatlar, sensorlar we duýduryjylar, kosmomonitoring we beýleki çözgütler degişli edilip, olar oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýitgilerini azyndan 25 göterime çenli azaltmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de önüm öndürijileriň zerur bolan maglumatlar bilen wagtynda üpjün edilmegi alyş-satyş bilen bagly harajatlaryň peselmegine, önümleri meýdandan sarp edijä ýetirmekleri ýönekeýleşdirmäge we hünär derejeli işçi güýjüne bolan zerurlygy üpjün etmäge ýardam berýär.

Has kämil derejelere ýetmek üçin, diňe bir oba hojalygyna goýberilýän maşynlaryň hili däl, olaryň netijeli ulanylmagy, şeýle hem, senagat esaslaryna geçirmek bilen, mehanizirlenen oba hojalyk önümçiliginiň tehnologiýasy hem ösdürilýär. Ekinleri ösdürip ýetişdirmekde topragy goraýan, zähmeti ýeňilleşdirýän we energiýany aýawly sarp edýän tehnologiýalar giňden ulanylmalydyr.

Biz — mugallymlara täze tehnologiýalardan we sanly bilim ulgamyndan peýdalanyp, döredijilikli işlemäge, talyp ýaşlara çuňňur bilim bermäge ähli mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag bolsun, tutumly işleri rowaç alsyn!

Akmyrat ÝAKŞYMURADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.

MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.


BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL

Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.


TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.


MUKADDES GYMMATLYK

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, parahatçylyk we dostluk dünýädäki iň uly gymmatlykdyr. Türkmenler adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde hem bu gymmatly kadalara ygrarly bolan halkdyr. Aziýany we Ýewropany birleşdirýän türkmen topragy hemişe parahatçylygyň, ygtybarlylygyň we howpsuzlygyň sebiti hökmünde giňden tanalypdyr.


BEDEW BATLY, AT-MYRATLY ÝYLYMYZ

Ata-babalarymyzyň asyrlar boýy kemala getirip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen bedew atlarymyzyň  gadyr-gymmaty ajaýyp zamanamyzda has hem arşa göterildi. Hormatly Prezidentimiz “Bagtyýar türkmen halkynda buýsanmaga, guwanmaga zat kän. Ata-babalarymyzyň döreden maddy gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan türkmen bedewleri halkymyzyň buýsanjydyr” diýip belleýär. Hakykatdan hem bedew halkymyzyň şany-şöhraty, milli buýsanjy, göz guwanjydyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.