Ekologiýa abadançylygy – sagdyn durmuşyň kepili

26-12-25

Ekologiýa abadançylygy - durnukly ösüş konsepsiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli işler häzirki günde özüniň oňyn netijelerini berýär. Çünki ynsanyň ömri, örki, ykbaly tebigat bilen sazlaşykda bolýar. Ýurdumyzda adamlaryň arasynda ekologik bilimleri giňden ýaýratmak, ekologiýa howpsyzlygy babatyndaky maglumatlar bilen ilaty habarly etmek, tebigaty goramakgy wagyz-nesihat etmek meseleleri bilen baglanyşykly işler yzygiderli amala aşyrylýar.

Döwletimiziň esasy Kanunynda her bir adamyň tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçlarynyň berkidilmegi olaryň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagynyň kepili bolup durýar.Ýurdumyzda ekologiki bilime we terbiýä möhüm ähmiýet berilmegi ýaş nesliň bu ugurda sowatly, daşky gurşawy goramaga mynasyp goşandyny goşup biljek adamlar bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan ähli şertleriň döredilýändigini alamatlandyrýar.

Howada emele gelýän ýaramaz hadysalar ynsan saglygyna zyýanly täsir edýär. Ol hadysalaryň biri hem "London görnüşli smogdyr". London görnüşli smog duman, tüsse, senagat zawodlaryndan galyndylar we kömür bilen işleýän ýyladyş ulgamlarynyň garyndysyn dan emele gelýän tebigy hadysadyr. “London smogy” diýlip hem atlandyrylýan tüsse, howadaky kükürt oksidleriniň köp konsentrasiýasyndan we gazylyp alynýan ýangyçlaryň, esasanam kömüriň ulanylmagy bilen ýüze çykýar.

Fotokimiki smoguň emele gelmegi howanyň hapalanmagynyň sebäbi hasaplanýar. Daşky gurşawyň, howanyň hapalanmagyna getirýän fotohimiki smog iň howplusydyr. Fotokimiki smog, käbir fiziki we geografiki şertlerde fotokimiki reaksiýalaryň we antropogen faktorlaryň täsiri netijesinde emele gelýän dürli himiki maddalaryň garyndysydyr. Fiziki we himiki şertler ýerüsti gatlakda ýeliň ýoklugyny we güýçli gün radiasiýasyny öz içine alýar. Fotokimiki dumanyň emele gelmegi üçin antropogen şertler, atmosferanyň ilkinji gatlagynda esasan antropogen çeşmelerden girýän azot dioksidiniň, şeýle hem uglewodorodlaryň we atmosfera howasynda doly däl okislenmeginiň önümlerini hem öz içine alýar.

Fotokimiki smog, howany hapalaýan ýokary zäherli maddalar, güneşli howada güýçli ýüze çykýan fotohimiki reaksiýalar sebäpli emele gelýär. Şeýle smoguň emele gelmegi tebigatda awtokatalitikdir, ýagny fotohimiki duman döredýän maddalar erkin radikal reaksiýalarda köpelýär. Fotokimiki dumanyň esasy çeşmesi, fiziki we geografiki şertlerden başga-da azot dioksidini we uglewodorodlaryň doly okislenmeginiň önümlerini öz içine alýan içki awtoulaglaryň ýangyç hereketlendirijileriniň gaz zyňyndylaryndan döreýär.

Fotokimiki smoguň esasy önümleri erkin radikallar we ozondyr. Erkin radikallar ýokary reaktiwlik bilen häsiýetlendirilýär we biologiki işjeň molekulalar (beloklar, fermentler, uglewodlar we başgalar) bilen reaksiýa berip, toksinleri goşmak bilen täze birleşmeler emele getirýär. Şeýle üýtgeşmeleriň netijesinde janly organizmlerdäki metabolik prosesler bozulýar, ferment ulgamlarynyň işjeňligi basylýar, dokumalaryň ösüşi haýallaýar we saklanýar we ş.m. Bu adamlaryň wagtyndan öň garramagyna sebäp bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň döwlet ekologiýa syýasaty dürli ugurlar boýunça ösmegini we kämilleşmegini dowam edýär. Tebigaty goramagyň we tebigatdan peýdalanmagyň netijeliligini üpjün etmek üçin halk hojalygynyň pudaklarynyň arasyndaky sazlaşygy gazanmak, ykdysadyýeti ekologiýa taýdan howpsuz ösdürmek, döwletiň ekologiýa syýasatyny ylmy-amaly taýdan esaslandyrmak, ilatyň sanitar-epidemologik howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigaty goramakda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça uly üstünlikler gazanylýar.

Ata Watana, ene topraga söýgi onuň gözel tebigatyna bolan söýgi bilen aýrylmaz baglanyşykydyr. Çünki Watan, tebigat, toprak ýaly düşünjeler özara berk baglanyşyklydyr. Watanymyzyň gaýtalanmajak ajaýyp tebigaty nesillerde watansöýüjiligi terbiýelemekde baş serişde, maglumatlara baý, esasy görkezme esbap bolup hyzmat edýär.

Gahryman Arkadagymyz “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly gymmatly kitabynda: “Obadan daş ýere giden adamyň tiz dolanyp gelmegi yrym edilip, şeýle dessur berjaý edilipdir. Onuň öýüniň agzynda ýowşan asylyp goýlupdyr. Şeýlelik bilen Watan mukaddesliginiň güýjüniň şol tebigatyň özünde ýaşaýandygyna ynam edipdirler” (68 sah) diýip bellemek bilen tebigat bilen bagly yrym-ynançlaryň halkymyzyň aňyna we ganyna siňendigi dogrusyndaky pikiri dürli rowaýatlaryň üsti bilen teswirleýär. Dagdan agajyna gadym döwürlerden bäri adamlary göze görünmeýän, ynsan saglygyna zeper ýetirýän bela-beterlerden, ýaramaz täsirlerden goraýan, binalaryň berkligine ýardam edýän gymmatlyk hökmünde garalyp gelinýär.

Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp kitabynda “Dagdan agajy adamlarda ruhubelentlik, şähdiaçyklyk duýgularyny oýarýar. Şonuň üçinem häzirki döwürde täze göçülip barylýan öýleriň gapysynyň ýokarsyndan dagdan agajy asylyp goýulýar. Munuň özi öýde sagdyn ýaşaýşyň bolmagyna täsirini ýetirýär diýip hasap edilýär” (107 sah) beýan edýär. Saglygyň sakasynyň arassa tebigy gurşawdadygyna doly düşünen pederlerimiz tebigatyň sagaldyjy we bejeriji häsiýetlerini oňat bilipdirler. Olar durmuş tejribeleri arkaly ösümlik we haýwanat dünýäsiniň her bir wekiliniň ynsan saglygyna täsirini öwrenip, subut edipdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe tebigaty goramaga, tebigy baýlyklardan paýhasly peýdalanmaga we olary üznüksiz köpeltmegi, degre-daşymyzy sagdynlaşdyrmagy üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işler watandaşlarymyzyň her biriniň belent başyny göge direýär.

Ekologiýa howpsuzlygy şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň howpsuzlygynyň düzüm bölegidir. Çünki ekologiýa abadançylygy bu - sagdyn durmuşyň, sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň bellärlikli kepilidir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Aýnur BAÝRAMOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Gospital pediatriýasy kafedrasynyň assistenti.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.