YLMY ÖSÜŞ – DÖWLETIŇ YKDYSADYÝETINIŇ KUWWATY
06-12-25
Innowasion tehnologiyalaryň ösüşiniň täze belentlige galýan döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylma daýanmak, sanly önümçilikleri döretmek we milletiň aň-bilim derejesini has-da ýokarlandyrmak arkaly, Türkmenistan durnukly ösüşiň ýoly bilen öňe barýar. Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir. Täze başlangyçlar we açyşlar ylmyň ruhy esaslaryny döredýär. Onuň binýady we häsiýeti jemgyýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny, ahlak kadalaryny, gözellik ýörelgelerini özünde jemleýändir. Ine, şu esaslarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda döwlet syýasaty ýöredilýär.
Döwür bilen deň gadam urmak ýoluny saýlap alan ýurdumyzda, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda milli ylym-bilim ulgamy gaýtadan galkynýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler taryhy ähmiýete eýedir. Şol wakalaryň jümmüşinde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz ylmyň gazananlaryny durmuşyň ähli ugurlaryna gönükdirmegi, hususan-da, ykdysadyýeti ösen kuwwatly döwleti döretmegi baş maksat edip goýýar. Ine, şu nukdaýnazardan döwlet Baştutanymyzyň düýpli özgertmeleri bilen milli ykdysadyýetiň täze-täze pudaklary we düzümleri döredilýär.
Sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilen, edara-kärhanalaryň hyzmatlary köpelýär, internetden has netijeli peýdalanylýar. Kompaniýalar müşderilerine satan harytlary ýa-da hödürlän hyzmatlary üçin hasap-fakturalaryny elektron usulda iberýär, töleglerini hem elektron usulda kabul edýär. Biziň ýurdumyzda hem nagt däl hasaplaşygyň çygrynyň barha giňeýändigini bellemek gerek. Diýarymyzda bankomatlaryň we töleg terminallarynyň giň tory hereket edip, olaryň üsti bilen söwda merkezlerinde, jemgyýetçilik ýerlerinde döwrebap, amatly, ygtybarly hasaplaşyklary geçirmäge mümkinçilikler döredildi.
Wagtyň geçmegi bilen, maglumat tehnologiýasynda gazanylan ösüş sanly ykdysadyýetiň ähmiýetini barha artdyrdy. Bank, saglygy goraýyş, ylym-bilim, mahabat, onlaýn bölek-söwda we marketing ýaly ugurlar sanly ykdysadyýetiň esasy täsir eden ugurlaryna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, elektron senagatynyň ösmegi täze iş orunlarynyň döremegine getirýär. Häzirki wagtda bolsa, sanly ykdysadyýet senagatyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ýylsaýyn senagatlaşýan ýurdumyzda gurulýan kuwwatly önümçilik desgalary döwrüň talaplaryna laýyklykda, tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen üpjün edilýär. Bu bolsa, çig maldan has netijeli peýdalanmaga, has gymmat bahaly innowasion harytlary öndürmäge mümkinçilik berýär
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwadyny artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, durmuş taýdan goraglylygynyň derejesini ýokarlandyrmak, milli ýörelgeleri ösdürmek hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan beýik maksatlarynyň esasyny düzýär. Häzirki wagtda bu beýik maksatlar rowaçlyklara, uly üstünliklere beslenýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwürdäki batly gadamlary Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, şan-şöhratyny artdyrmak bilen bir hatarda, ösüşiň türkmen ýoluny hem-de onuň rowaçlygyny äleme äşgär etdi. Jemdyýetimiziň kämil gurluşynyň kemala getirilmegi üçin alnyp barylýan beýik işler, ýurduň we sebitiň ösüşine itergi berýän beýik başlangyçlar hormatly Prezidentimize buýsanjy, döredijilikli zähmete hyjuwy has-da artdyrdy.
Belent maksatlaryň dabaralanmagy bilen kemala gelýän kämil derejeli durmuş ulgamy halkymyzyň ýaşaýşa höwesini, ýaş nesilleriň bilim almaga, hünärleri özleşdirmäge mümkinçilik berdi. Ösüşe parasatly çemeleşmek, milli ýörelgelere eýermek, amal edilýän beýik işleri toplumlaýyn durmuşa geçirmek, täzeçillik ýaly ýörelgeler bu gün türkmen jemgyýetiniň esasyny düzýär.
Ýurdumyzda sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Amanmyrat ŞÜKÜROW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ýokanç keseller kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.