Mugallymçylyk kärine sarpa
06-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesiller hakyndaky aladalar bilim işgärleri üçin döredilýän mümkinçilikler bilen sazlaşýar. Türkmen ýaşlarynyň sowatlylygyny, edep-terbiýeliligini, hünär başarnyklylygyny, şahsyýet hökmünde kemala gelşini üpjün etmekde bilim-terbiýeçilik işgärleriniň alyp barýan işleri örän uludyr. Şonuň üçin gadym döwürlerde hem nesliň ylym atasyna, halypalaryna aýratyn hormat bilen garalypdyr. Bu günki günde bolsa şol asylly käriň eýeleri bolan mugallymlara döwlet derejesinde aýratyn sarpa goýulýar.
Mugallymçylyk käri uly hormata mynasypdyr, çünki mugallym ýer ýüzündäki ähli ynsanlaryň halypasydyr. Kämil mugallymda ýokary hilli ylym-bilim bilen bir hatarda, ajaýyp ahlak sypatlary jemlenendir. Alkyş eýesi hasaplanýan mugallymçylyk käri – köpugurly, döredijilikli zähmeti talap edýär.
Häzirki wagtda sany barha artýan ýaş mugallymlara berilýän bilimiň hili ýokarlandyrylyp, olar bilen hünär ugurlaryna laýyklykda sanly ulgam arkaly sapaklar geçilýär, nazaryýetde alan bilimleri tejribelikler arkaly özleşdirilýär. Halkara tejribesine, milli pedagogika, mugallymçylyk nazaryýetine laýyklykda bilim alan ýaş mugallymlar döwrebap usulyýetden baş çykaryp, sanly tehnologiýalary işjeň peýdalanmagy başarýarlar.
Bilim edaralarynda zähmet çekmäge girişen ýaşlara tejribeli hünärmenler we mugallymlar halypa hökmünde berkidilýär, edaranyň işi bilen tanyşdyrylýar. Halypa-şägirtlik ýörelgesine laýyklykda, ýaş bilim işgäriniň mynasyp tejribe toplamagy, alan bilimlerini diňe oňyn maksatlara gönükdirmegi, güýç-gaýratyny diňe talyplaryň, diňleýjileriň bähbidine sarp etmegi üçin oňa usuly kömek, maslahat we ýardam berilýär. Şeýlelikde, ýaş mugallym bilim bermek, ony ylma ugrukdyrmak ýaly asylly we jogapkärli wezipäniň abraý bilen hötdesinden gelmäge çalyşýar. Mugallymyň öňündäki wezipeler döwletiň hem jemgyýetiň öňündäki iň wajyp meseleler bilen baglydyr.
Garaşsyz Diýarymyzda geçirilýän döwlet derejesindäki çärelerde, şol sanda döwlet dolandyrylyşynda bilim işgärlerine uly orun berilýär. Olaryň pikirleri, döredijilikli zähmeti we iş alyp barmakdaky, ýolbaşçylyk etmekdäki tejribeleri nazara alynýar. Bilim-terbiýeçilik işgärlerini höweslendirmek, zähmetiň döredijilikli baýlaşdyrylmagyny gazanmak, aýratyn tapawutlanýanlary ýüze çykarmak ugrunda hem guramaçylykly çäreler ýaýbaňlandyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň ýagty geljegine gönükdirilendir. Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda ýaş nesliň aňynda baky orun eýelejek bagtyýar şu günleriň iň oňat arzuw-maksatlara beslenmegi ugrunda ýerine ýetirilýän işler sanardan köpdür. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatdaky işler hem ýaş nesliň bagtyýar geljegi ugrunda edilýän aladalaryň naýbaşysydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesilleriň bilimler dünýäsine ynamly aralaşyp, ylymly, bilimli, hünärli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikler döredildi. Şonuň netijesinde hem ylym-bilim ojaklarynda bilim-terbiýe berlişiniň hil derejesi ýokary göterildi. Bagtyýar nesiller döwrebap okuw-görkezme esbaplary, kompýuterler, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen bilim ojaklarynda bilim-terbiýe alýarlar, daşary ýurt dillerini öwrenýärler. Şeýle üstünlikleriň gözbaşynda bolsa bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler durýar. Bilim ulgamyndaky özgertmeler ýurdumyzyň ykdysadyýetini ylmy taýdan meýilleşdirmek, ähli ulgamlara döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, bu babatda daşary ýurt tejribelerini öwrenmek baradaky wezipeleri hem öz içine alýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýaşlarynyň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmekleri, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaklary, edep-terbiýe, kämil bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, ata Watana, il-güne, pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalar edilýär. Şu maksat bilen biz ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, hünär taýdan kämilleşmeklerimiz, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeklerimiz üçin ähli şertler döredilýär, halypa-şägirtlik ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär. Muny orta mekdeplerde geçýän mugallymçylyk tejribeliginde hem aýdyň görmek bolýar.
Ajaýyp döwrümizde ýaş nesil baradaky alada öz netijesini berýär diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Bu günki gün ruhubelent, giň gözýetimli, bilim almaga, hünär öwrenmäge höwesli, ata Watanymyza, halkymyza, milli däp-dessurlarymyza, pederlerimiziň ajaýyp ýörelgelerine wepaly ýaşlarymyz berkarar ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu bolsa geljekki bilim işgärlerini has-da buýsandyrýar.
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.