EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY – ÖSÜŞLERIŇ GIREWI

25-12-25

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ekologiýa abadançylygynyň, ýaşaýyş-durmuşynyň üçin amatly şertleri döretmegiň nukdaýnazaryndan ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilmegine ähmiýet berýär. Häzirki döwürde milli we ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň bähbidine ýurdumyzda uzakmöhletleýin bagy-bossanlyga büremek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň bag ekmek hakyndaky Kararlary Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek boýunça döwrebap meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilýändigine şaýatlyk edýär. Bu Kararlara laýyklykda, welaýatlarda her ýyl saýaly we miweli agaç nahallaryň, üzümiň millionlarça düýbüni oturtmak meýilleşdirilýär.

Adamzat we tebigat öňden bäri aýrylmaz baglanyşykly. Adamlaryň sagdynlygy hem belli bir derejede tebigatyň arassalygyna baglydyr. Daş-töweregi gurşap alan tebigaty, onuň baýlyklaryny goramak, aýawly saklamak we tygşytly peýdalanmak adamzadyň öňündäki möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Milli Liderimiziň yglan eden ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmäge, daş-töweregimizi gorap saklamaga mynasyp goşant goşmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň «ýaşyl guşagyny» giňeltmek işlerine çynlakaý, toplumlaýyn çemeleşilmeginiň zerurdygyny nygtap, agaç nahallarynyň welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bezeg hem-de miweli görnüşlerini saýlap almaga ünsli çemeleşmegiň möhümdigini we olara göwnejaý idegiň üpjün edilmelidigini belleýär.

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklap galmak Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Biziň ýurdumyzda BMG-niň «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň» möhüm ähmiýetli ugry, adamlaryň abadan durmuşynyň möhüm şertleriniň biri hökmünde ekologiýa aýratyn üns berilýär.

Munuň özi, ilkinji nobatda, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, deňiz gurşawyny hem-de Hazar deňziniň biologik köpdürlüligini goramak we beýleki möhüm meseleler bilen baglanyşyklydyr. Kanunçylyk namalarynyň tutuş toplumy, şol sanda Tokaý kodeksi, ösümlik we haýwanat dünýäsi, aýratyn goralýan tebigy çäkler hakyndaky kanunlar hem-de beýleki möhüm resminamalar tebigaty goramak ulgamynda öňde goýlan wezipeleri toplumlaýyn çözmäge gönükdirilendir. 

Milli hem-de ählumumy möçberde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine toplumlaýyn uzakmöhletli Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol resminamada senagat düzüminiň okgunly ösmegi, ulag kommunikasiýalar ulgamynyň has giňelmegi, şäherleriň hem-de täze ilatly ýerleriň ýokary depginlerde ösmegi bilen baglylykda, ýaşyl zolaklaryň işjeň giňeldilmegi göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz adamlaryň saglygyny goramagyň, ýaşaýyş-durmuşy we dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmegiň möhüm şerti hökmünde bu giň möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berýär. Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň ähli ilaty gatnaşýar. 

Ýaş agaçlaryň elde döredilen tokaýlyklary, baglar, seýilgähler hem-de seýilbaglar Türkmenistanyň ähli, hatda iň alysdaky künjeklerinde hem onlarça müň gektara ýaýylyp gidýär. Olar tebigatyň ajaýyp hem-de möhüm künjegine öwrülip, ýurdumyzyň myhmanlaryny haýran galdyrýar. Derýalaryň we akabalaryň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny öz içine alýan Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarýakasy, Garagumuň merkezinde ýerleşen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň daş-töweregi bagy-bossanlyga bürendi. 

Ýurdumyzyň demirgazyk künjeginde, Daşoguz welaýatynda köpçülikleýin tokaý zolaklarynyň döredilmegi aýdyň mysallaryň biridir. Aral sebitinde topragyň zaýalanmagynyň hem-de çölleşmäniň öňüni almak maksady bilen, Sarygamyş kölüniň kenarynda, Bötendag baýyrlygynyň töweregindäki 20 müň gektar meýdanda ägirt uly tokaý zolaklary döredilýär. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli bag ekmek çäresi howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreşmek boýunça umumy dünýä işine saldamly goşantdyr. Her bir şäheriň we obanyň töwereginde döredilýän tokaý zolaklary amatly howa ýagdaýyny döredip, tomsuna Garagumuň jöwzaly ýelinden, gyşyna bolsa aýazly şemallardan goraýar. Ekilýän baglardyr güller adam durmuşynda uly ähmiýete eýedir. Olar tozany we zäherli gazlary sorup, howany kislorod bilen baýlaşdyrýar, topragyň çüýrüntgisiniň emele gelmegini, hasyllylygyny üpjün edýär. Bir agaç 24 sagatda üç adamyň bir gije-gündizde dem almagy üçin zerur kislorody dikeldýär.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary boýunça döredilýän täze ýaşyl zolaklar iri tokaý toplumlarynyň bir bölegine öwrülip, özüniň nurana gelejegini baýramçylyk lybasynda garşylaýan sahawatly türkmen topragynyň gözelligini has-da artdyrar.

Tawus DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Şöhle bilen anyklaýyș, bejeriş we onkologiýa kafedrasynyñ assistenti.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.