DÖWLETARA GATNAŞYK
08-12-23
Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda 10-njy Türkmen-amerikan işewürler maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň ugurdaş döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, «Türkmenistan — ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekiliýetiň düzümine «Case New Holland Industrial», «Climate Compass LLC», «Honeywell», «John Deere», «Palo Alto Networks», «Visa», «Westport Trading Europe Limited» ýaly meşhur kompaniýalaryň ýolbaşçylary we wekilleri girdiler.
Işewürlik maslahatynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň strategik taýdan ähmiýetli pudaklarynda uzak ýyllaryň dowamynda öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň üstünlikli işleýändigi bellenildi. Şeýle-de ABŞ-nyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.
Maslahatda «Türkmenistan — ABŞ» Işewürler geňeşiniň alyp barýan işi pikir alyşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. Energetika pudagy, ulag we aragatnaşyk, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Işewürlik maslahatynyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy we ony doly durmuşa geçirmek üçin çemeleşmeler kesgitlenildi hem-de esasy ugurlar boýunça bilelikdäki işiň meýilnamasy bellenilip, soňky ýyllarda täze depgine eýe bolan türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.
Işewürlik maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň birnäçe pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň amerikan hyzmatdaşlary bilen duşuşyklary geçirildi.
Güneş NURSÄHEDOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.