MAGTYMGULY SÖZLE HER NE BILENIŇ, SENDEN SOŇKYLARA ÝADYGÄR BOLAR
08-12-23
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň işgärleri Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde bolup, ýurduň golýazma hazynalarynda we kitaphanalarynda ylmy-gözleg işlerini geçirdiler.
Netijede, Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine, türkmen halkynyň taryhyna, edebiýatyna hem-de däp-dessuryna degişli 3 sany türkmen dilindäki, 47 sany pars we 9 sany arap dilindäki golýazmanyň, şeýle-de köp şahyrlaryň pars we türki dillerdäki goşgularyny özünde jemleýän 12 sany beýazyň, jemi 72 sany gymmat bahaly golýazmanyň üstünden bardylar.
Golýazmalaryň arasynda Ahmet Taftazany, Zeýneddin Jürjäni, Zahyrulhak Gaznawy, Abdylhak Türki, Muhammet Gazaly, Sopy Allaýar, Mollamuhammet Merwezi, Sarahsy ýaly belli türkmen alymlarynyň eserleri-de bar. Iş saparynyň aýratyn bellärlikli taraplarynyň biri Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň doly nusgasynyň tapylmagydyr. Golýazma şahyryň «Bu dünýä» atly goşgusy bilen başlanyp, «Wagyz» poemasy bilen tamamlanýar. Ýygyndyda ýüzden gowrak goşgy bar.
Şeýle hem habarda bellenilişi ýaly, şol bir şygryň tekstiniň golýazmalarda özgeren, dürli tapawutlar bilen ýazylan ýerleri bar. Ýagdaý şeýle bolansoň, ol ýa beýleki eseriň haýsy şahyra degişlidigini kesgitlemek diňe tekstologik derňew netijesinde mümkin. Şol sebäpli hem her bir golýazma türkmeniň taryhyny, edebiýatyny, medeniýetini, şeýle-de Pyragynyň we halkyň taryhda yz goýan köp sanly beýleki şahsyýetleriniň ömri-döredijiligini täzeçe öwrenmekde, ylmy barlaglary alyp barmakda ygtybarly çeşmedir.2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bllenilýär.
Uzukjemal WELIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.