MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ NEMES DILINDE GOŞGULAR ÝYGYNDYSYNYŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI
08-12-23
Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherindäki ilçihanasynda Magtymguly Pyragynyň nemes diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de «Magtymgulynyň şygryýetiniň Ýewropaly alymlar tarapyndan öwrenilişi» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Berlinde geçirilen halkara ylmy maslahata hem-de şahyryň nemes dilinde terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň medeniýet, saglygy goraýyş, bilim ulgamynyň wekilleri, alymlar, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Magtymguly Pyragynyň nemes diline terjime edilen goşgular ýygyndysy «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edildi. Onda şahyryň 130-dan dan gowrak goşgulary ýerleşdirilipdir. Ýygynda girizilen goşgular Granada uniwersitetiniň professory Helga Kohrs kegel bilen onuň ogly Alehandra Muňoz Kohrs tarapyndan terjime edilipdir. Nemes diline terjime edilen goşgular Barbara Kellner-Heinkele we G.Sahatowa tarapyndan redaktirlenipdir.
Kitap Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi Kakajan Janbekowyň ýolbaşçylyk etmeginde çapa taýýarlandy diýlip, habarda bellenilýär.
Dabaranyň çäklerinde türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryndan söz açýan sergi hem guraldy.
Begli DÖWRANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.