BITARAPLYK BINASY - BAGTYŇ BINASY

08-12-23

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumyadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda milli Liderimiziň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk derejesini berdi we şu mynasybetli gurlup, ulanmaga berlen desganyň binagärlik ölçeglerinde taryhy sene özboluşly beýan edilýär. Binanyň umumy beýikligi 95 metr bolup, çür başynda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň 12 metrlik heýkeli bar.

Bitaraplyk binasy umumy diametri 100 metr we beýikligi 1,80 metr bolan tegelek münberiň üstünde oturdylypdyr. Köp derejeli desga tagan aýagynyň şekilindäki üç sany kuwwatly sütüniň üstünde gurlupdyr. Sütünler altynsow öwüşginli bürünç şekiller bilen bezelipdir. Olarda ilkidurmuş döwründen başlap,

Garaşsyzlygymyza eýe bolan ajaýyp zamanamyza çenli Türkmen döwletiniň taryhy döwürlerindäki ähmiýetli wakalar öz beýanyny tapypdyr. Şol wakalar dürli şekilleriň üsti bilen yzygiderlilikde beýan edilýär. Bitaraplyk binasynyň kuwwatly üç sany sütüniniň ýokarsynda Türkmenistanyň bäş welaýatynyň agzybirliginiň we bitewüliginiň nyşany bolan milli göllerimiz şekillendirilen özboluşly bezeg halkalary aýlanýar.

Türk­menistanyň hemişelik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň düýp öze­nin­de ag­zy­bir­li­giň, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­li­giň we yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň my­na­syp or­ny eýe­le­ýän­di­gi­ni dün­ýä ýaý­dy. Bu bol­sa hormatly Prezidentimiziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty­nyň hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry we dün­ýä döw­let­le­ri ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­ýan­dy­gy­nyň yk­rar­na­ma­sy­dyr.

Atamyrat ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy  fakultetiniň  4-nji ýyl talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.