Bitaraplyk ýoly — dünýä nusga ýörelgämiz

11-12-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga beslenýär. Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar.

Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň bu Guramanyň deňhukukly agzalygyna kabul edilýändigi hakynda karar kabul edildi. Agza ýurtlaryň her biri Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynda beýan edilen, halkara gatnaşyklarynyň esasy ýörelgelerine esaslanýan şertleri öz üstüne borç edip alýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň goldamagynda birinji gezek, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi.

Şonuň ýaly-da, bu seneler Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi we 12-nji dekabr Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edildi.

Ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyzlyk eýýamynyň gelmegi halkymyzyň başyny göge ýetirdi, Bitaraplyk bolsa köňül arzuwyny gülletdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz ylalaşygyň, parahatçylygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrüldi. Türkmenistan döwletimiz beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, birek-birege ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda gatnaşygyny ösdürýär we köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny saklaýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berdi.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Watanymyz BMG-niň münberinden dünýä ýüzüne hemmetaraplaýyn bähbitli başlangyçlaryny öňe sürýär. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasaty esasynda halkara kadalaryna laýyklykda daşary ýurt maýa goýumlarynyň goralmagynyň kepillendirilmegi, daşary ýurt telekeçiligi üçin amatly şertleriň döredilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň iňňän baý tebigy serişdeleriniň, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň daşary ýurt maýa goýujylaryny özüne çekýänligi oňyn netijelerini berýär.

Bütin äleme öz ýalkymyny saçýan Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň parahatçylyk söýüjiligiň täze nusgasy hökmünde yklymlar içre ykrar edilmegi döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyny mazmun taýdan barha baýlaşdyrdy. Ata Watanymyzyň dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary Türkmenistanyň halkara mertebesini has-da artdyrdy. Halkymyzyň we döwletimiziň durmuşynda bolup geçýän uly özgertmeler, ylaýta-da, ýurdumyzyň bilim, saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk, medeniýet, syýahatçylyk, sport we beýleki ulgamlary boýunça kabul edilen maksatnamalar, şeýle-de bu ulgamlarda barlag işlerini we innowasiýany ösdürmäge gönükdirilen düýpli maýa goýumlar türkmen Bitaraplygynyň umumadamzat derejesinde wajyp orun eýeleýändigini aýdyň görkezýär.

Toý ruhuna beslenen Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly baýramy uludan toýlanýar. Indi 28 ýyl bäri Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp parahatçylyksöýüjilikli, hoşmeýilli gatnaşyklaryň syýasatyny ýöredýän Garaşsyz, Bitarap döwletimizi bütin dünýä tanaýar. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly içeri syýasatynyň dowamy bolan öňdengörüjilikli daşary syýasaty rowaçlyklara beslenýär. Türkmenistan döwletimiziň BMG we onuň düzüm birlikleri, beýleki halkara guramalary hem-de dünýäniň dürli döwletleri bilen barha işjeň häsiýete eýe bolýan köptaraplaýyn gatnaşyklary ýokarda ýatlanymyza şaýatlyk edýär. Ol jemgyýetde milli agzybirligiň, asudalygyň hem-de jebisligiň ýokarlanmagynda bahasyna ýetip bolmajak häzirki döwrümiziň hakykatydyr. Şeýle hakykat Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň bimöçber tagallasy bilen, täze taryhy eýýamda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylygyň, dost-doganlygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň daýanjy hökmünde öňe çykýar.

Bu bolsa türkmen halkynyň parahatçylykda ýaşap, döredijilikli zähmet çekmeginiň kepilidir. Parahat durmuşymyzy toýlara besleýän Arkadagly Serdarymyzyň, halkymyzy bagtyýarlyga ýetiren başlangyçlaryň başyny başlan Gahryman Arkadagymyzyň, janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Orazguly ITALMAZOW,
Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň himiýa mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.