Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forum geçirildi
14-12-23
Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forum geçirildi. Bu barada TDH ýazýar.
11-nji dekabrda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň girelge zalynda ýurtdaky diplomatik wekilhanalar bilen bilelikde, baýramçylyk sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Forum ýokary derejedäki umumy mejlis bilen açyldy. Oňa Hökümet agzalary, Mejlisiň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky hem-de daşary döwletleriň ýurtdaky diplomatik wekilhanalarynyň, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylary, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, talyplar gatnaşdylar.
Forumyň umumy mejlisinde çykyş eden BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de foruma gatnaşyjylara Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirip, maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň möhüm ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş sekretarynyň häzirki döwrüň derwaýys meselelerini çözmekde täzeçil çemeleşmeleri teklip edendigi nygtaldy. Munuň üçin oňyn halkara dialogy has-da ösdürmek zerurdyr. Şunda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky parahatçylykly, dostlukly, netijeli gatnaşyklarda Bitaraplyk ýörelgeleriniň ähmiýeti nygtaldy. Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirýändigi üçin Türkmenistana hoşallyk sözlerini beýan edip, jenap D.Şlapaçenko Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň ähmiýetini nygtady.
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň dolandyryjysynyň orunbasary, Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin býurosynyň direktory hanym Iwana Žiwkowiç ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça ählumumy hereketleri işjeňleşdirmekde uly ähmiýeti bolan foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine we Hökümetine hoşallyk bildirdi. Şunda özara düşünişmek, hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan dialogy pugtalandyrmak üçin şertleri döretmek möhüm esas bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Milletler Bileleşiginiň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň jogapkärli strategik hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýurduň goşýan goşandyna ýokary baha berýändigi nygtaldy.
BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy goldamagyň, özara ynanyşmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň, netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm şertidigini nygtady.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça Ýörite wekili, Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary Abdulaziz Kamilowyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklaryň işi boýunça Ýokary komissary Kaýrat Abdrahmanowyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Mereý Mukažanyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň syýasy işler boýunça kömekçisi Ýousef Al Dobeanyň çykyşlarynda Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruna we parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryna ýokary baha berildi.
ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Pia Kauma, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus, BMG-niň Baş sekretarynyň ählumumy kommunikasiýalar boýunça orunbasary Melissa Fleming, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň başlygy Wladimir Woronkow, Rumyniýanyň daşary işler ministri Luminisa Odobesku, şeýle hem Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň prezidenti Pan Gi Mun sanly ulgam arkaly foruma gatnaşyjylara ýüzlendiler.
Soňra forum dört sany bölümçede öz işini dowam etdi.
Jennet ROZYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.