Türkmen agyr atletikaçysy Dohada geçirilen ýaryşda altyn medala mynasyp boldy

14-12-23

Türkmenistanly Şahzadbek Mätýakubow agyr atletika boýunça Doha şäherinde geçirilen Gran-pri II turnirinde altyn medala mynasyp boldy. Bu ýaryş 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyry bolup durýar.

Türkmen türgeni ýaryşda 96 kilograma çenli agram derejede çykyş etdi. Ol ştangany silterläp götermekde 167 kilogram, itekläp götermekde 204 kilogram, iki görnüşiň jemi boýunça 371 kilogram netije bilen iki altyn we bir kümüş medalyň eýesi boldy.

Iki görnüşiň jemi boýunça kümüş medal ermenistanly Dawid Owannisýana (370 — 170 kg we 200 kg), bürünç medal bolsa KHDR-iň wekili Bong Ýan Te (362 kg — 161 kg we 201 kg) nesip etdi.

Zenanlaryň arasynda 76 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden ýene bir türkmenistanly türgen, Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň 59 kilograma çenli agram derejesindäki wise-çempiony Polina Gurýewa medal gazanmak üçin bir ädim ýetmedi.

Ýeri gelende bellesek, Şahzadbekiň gazanan medaly Katardaky turnirde türkmen türgenleriniň üçünji üstünligidir. Mundan ozal Dohadaky Gran-pri II turnirinde Bunýod Raşidow (67 kilograma çenli agram derejede) we Gaýgysyz Töräýew (81 kilograma çenli agram derejede) bürünç medala eýe çykypdylar.

Halkara agyr atletika federasiýasynyň Doha şäherinde geçirilýän Gran-pri turniri 14-nji dekabrda tamamlanar.

Orazguly SAPARDURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň  5-nji ýyl talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.