SANLY BILIM – KÄMILLIGIŇ GÖZBAŞY
05-01-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
"Türkmenistanda 2026 – 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy" ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, munuň bilen birlikde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak ýaly maksatlary öz içine alýar. Sanly ykdysadyýetiň özenini döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň özleşdirilişi, olaryň durmuşa ornaşdyrylyşy hem-de ulanyşy düzýär. Her bir döwlet ykdysadyýetiň sanly ulgamyna geçende, täze ýagdaýlara kybap kanunçylyk binýadynyň, önümçilik serişdelerini hasabatlarynyň ygtybarlylygynyň bolmagyny hem-de internet ornaşdyrýan senagat kärhanalarynyň hukuk goraglylygynyň üpjün edilmegini ýola goýmalydyr.
Ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň bu möhüm şertleri doly döredildi. Uly üstünliklere beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň bagtyýarlyk zamanasynda innowasion tehnologiýalar ulgamynda aýdyň ösüşler gazanyldy we gazanylmagyny dowam edýär. Häzirli döwürde ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy durmuşymyzyň aýratynlyklarynyň birine öwrülýär. Sanly ykdysadyýetimiziň ösdürilmegi täze tehnologiýalaryň emele gelmegi bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde önüm öndürmek üçin gerekli esasy şert ylym-bilim bolmak bilen birlikde, ony netijeli ulanmak hem zerurdyr. Şoňa görä-de, ýurduň syýasy hem ykdysady güýjüniň ylym-bilim ykdysadyýetinden emele gelýändigi hemmelere aýandyr. Häzirki zaman dünýäsiniň esasy alamatlarynyň biri bolan sanly ykdysadyýet tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny iki maksada gönükdirilip, olaryň birinjisi täze ýagdaýlara uýgunlaşdyrylýan kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi bolup, ikinji maksady önümçiligiň sanly ýörelgelerine eýerip, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar we kompaniýalar üçin amatly şertleriň döredilmegidir.
Dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle hem milli ykdysadyýetiň düýbünden tapawutlanýan täze hile geçmegine ýardam berýär. Bu bolsa ösüşiň täze belentlikleri bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda, şeýle-de milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynda ygtybarly hem-de giň mümkinçilikleri özünde jemleýär.
Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda hem sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar guralýar. Şonuň bilen bir hatarda bolsa ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen, dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly okuw kitaplary, gollanmalar, wideo-audiomateriallar, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.
Bularyň ählisi türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ýurdumyzyň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynyň ösmegine, onuň dünýä derejesine çykarylmagy ugrundaky aladalaryndan nyşan bolup durýar. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän, il-ýurt bähbitli tutumly işleri durmuşa geçirýän, ykbaly dünýä halklarynyň alkyşlary bilen bezelen Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Altyn ANNANEPESOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.