ARKADAGYŇ AK ÝOLUNDAN ÖŇE BARÝAR BAGTLY ÝAŞLAR
06-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan bu gün ösüşlere sary öňe barýar. Binýady berkden tutulan bu berkarar Watanda Ýaşlar hakyndaky aladalar bimöçberdir. “Ýaşlar jemgyýetiň esasy güýji bolmalydyr” diýip belleýän Gahryman Arkadagymyz, bu günki gün ýaşlara uly ynam bildirýär. Bu ynamy berkitmekde bolsa Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlary goldamak, olara döwlet hemaýadyny bermek bilen alyp barýan oňyn syýasaty ýardam edýär.
Döwletimizde ýaşlaryň jemgyýetde öz mynasyp orunlaryny tapmagy olaryň ata-babalarymyzdan miras galan ýokary ahlak sypatlaryna eýe bolup, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşy bolmaklary bilen baglanyşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan ýaşlar syýasatynda ýaşlaryň öz çagalyk arzuwlaryna ýetip, ussat hünärmenler, il-güne gerekli, ilhalar, watansöýiji, ynsanperwer, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilendir.
Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň hukuklarynyň, erkinliginiň we goldanylmagynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamydyr. Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk babatynda zerur şertleriň hem-de ýaşlaryň jemgyýetde özlerini ykrar etmekleri ugrunda möhüm döwlet kepillikleriniň döredilmegine, ýaşlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň ösüşine hem-de olary goldamaga gönükdirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Türkmenistanda täze obalar, şäherdir etraplar, ýaşaýyş jaý toplumlary, mekdeplerdir çagalar baglary, ýollardyr köprüler gurulýar, döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär. Bagtyýar zamanamyzda alnyp barylýan şu günki ajaýyp işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna, ýaşlarymyzyň sagdyn, bilimli bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.
Ýaşlara mahsus bolan we ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän binýada esaslanýan ýaşlar barada döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyza, halkymyza, ajaýyp milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilim we terbiýe almaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Türkmen ýaşlary — Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň geljegi. Ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, hünär taýýarlygy esasynda kämil şahsyýet bolmagy, döredijilik ukyby we pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi berýän güýçdür. Häzirki wagtda Türkmenistanyň kanunçylygy jemgyýetimizde şeýle möhüm orun eýeleýän ýaşlaryň durmuş-ykdysady we syýasy hukuklaryny doly goraýar.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uly dabaralara beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýetli halkara maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň ençemesi ençemesi geçirildi we geçirilmegi meýilleşdirilýär. Halk Maslahatynyň düzüminde döredilen komitetleriň öňünde durýan esasy wezipeleriň hatarynda döwletimiziň kuwwaty hasaplanýan ýaşlarymyzyň nurana geljegi hakyndaky aladalar hem bar.
Bu günki günde ýaşulylarymyz hem, ýaşlarda öz bagtyýar geljegini görýär. Ata-babalarymyzyň döş gerip goran bu mukaddes Watanyny geljekde-de aýap saklamaklyk, at-abraýyny arşa galdyrmaklyk ýaşlaryň paýyna düşýär. Ata-babalarymyzdan: ”Bugdaý ekseň - bugdaý alarsyň, arpa ekseň – arpa” diýlişi ýaly, şu günki günde ýaşlara berilýän terbiýä gaty üns bermelidir. Biziň ýurdumyzda bolsa, ýaňy dünýä inýän çagajykdan başlap, kümüş saçly enelerimize, ak sakally atalarymyza çenli aladalar bilen gurşalan.
Öz perzendiniň elinden tutup, çagalar bagyna alyp barýan enäni göreniňde-de, mekdebe ylgap barýan okuwçylara gözüň düşende-de, topar bolup barýan talyplara ser salanyňda-da, çagajyklaryň nurana gülküleri ýüregiňi sypanda-da, şu günleriň bagtyýarlygyny köňül mizanynda goýanyňda-da, şol bagtyýarlyklaryň sakasynda Arkadagymyzyň durandygyny ýatlaýarsyň. Bu Watanyň agaçlary dutar, gamyşlary tüýdük, ýelleri saz. Halkymyzyň bolsa kalby ala-ýaz. Türkmen ýaşlarynyň ümzügi diňe öňe.
Nesilleriň bagtyýar ýaşamagy, olaryň hakyky watançy, ilhalar, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmeklerini baş aladasy bolan Gahryman Arkadagymyz ýaşlara watansöýijligiň, päk ahlaklylygyň, merdanalygyň we halallygyň, ýokary adamkärçiligiň, sagdyn durmuş ýörelgesini ýöretmegiň belent nusgasyny görkezýär. Biz bilim işgärleri hem şoňa jogap edip, Gahryman Arkadagymyzyň daşyna berk jebisleşip, öz wezipelerimizi doly, dogry, talabalaýyk we öz wagtynda berjaý edip ýaşlara kämil derejede bilim bermelidiris. Çünki, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagyň ak ýolundan öňe barýan bagtly ýaşlar!
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Amanmyrat ŞÜKÜROW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ýokanç keseller kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.