Ýurduň ösüşine itergi berýän güýç
17-06-22
Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýurdumyzda ýaş nesil barada, ylaýta-da, olaryň Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ylymly, bilimli, hünär başarnykly, zähmet çekmäge höwesli, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän, ruhubelent ýaşlar bolup kemala gelmegi üçin döwlet syýasaty kesgitlenýär.
14-nji iýunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Maslahatlar merkezinde ýaşlaryň gatnaşmagynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň esasy meseleleri bilen bagly maslahat geçirildi.
Geçirilen maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmen ýaşlary — Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň geljegi. Ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, hünär taýýarlygy esasynda kämil şahsyýet bolmagy, döredijilik ukyby we pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi berýän güýçdür. Häzirki wagtda Türkmenistanyň kanunçylygy jemgyýetimizde şeýle möhüm orun eýeleýän ýaşlaryň durmuş-ykdysady we syýasy hukuklaryny doly goraýar» diýmegi, döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmekde ýaş nesliň paýyna uly jogapkärçiligiň düşýändigini ykrar edýär.
Häzirki wagtda ýurduň durnukly we ýokary depginli ösüşini üpjün etmäge, ykdysady kuwwatyny berkitmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmäge ýaş hünärmenler işjeň çekilýär.
Ata-babalarymyzdan miras galan öwüt-ündewler, asylly gymmatlyklar bolsa häzirki asylly ýaşlarymyza ýol görkezijidir. «Paýhas çeşmesi» atly kitapda: «Adam edebinden tanalar, ýurt — tugundan» diýlen nakyl bar. Hakykatdan hem ýaş nesillerimiz ýagşy gylyk-häsiýetleri, adamkärçiligi, başarnyklary bilen ýurdumyzy dünýä tanatmaly adamlardyr.
Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz ýaşlar hakynda Kanunyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylaryň teklibi bilen gyzyklanmagy, olara berilýän üns-aladadan nyşandyr. Bu bolsa ýaşlaryň her biriniň kalbyny ruhlandyrdy, şol bir wagtda ýurdumyzyň ýaş raýatlarynda uly jogapkärçilik duýgusyny döretdi.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar babatynda alyp barýan döwletli işlerine buýsanyp, bu günki günüň bagtly ýaşlary bagtyýar zamananyň hözirini görüp ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladalaryna jogap edip, ýaşlarymyz Türkmenistan döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda öz zähmetlerini gaýgyrman, durmuşda mynasyp orun eýeläp, çeper elli, süýji dilli, sagdyn bedenli, milli ruhda terbiýelenen asylly ynsanlar bolup ýetişmegi bagtyýarlykdan nyşandyr. Görnüşi ýaly, Watanymyzyň röwşen ertirleriniň dowamaty bolan ýaşlarymyza uly ynam bildirilýär. Ýaş nesil hakynda şeýle taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun.
Allaberdi DÖWLETSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň Gurluşyk kafedrasynyň mugallymy.
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.